gullnara_
30.08.2023 00:25
1. Öýümde bir ogrynyň bardygyny aýtmak üçin enem düýn agşam meni oýardy. Emma enem 2 ýyl mundan ozal ýogalypdy...

2. Ejem meni aşhana çagyrdy, ýöne  ejemiň başga bir otagdan pyşyrdanyny eşitdim: "Ol ýere gitme, ol sesi menem eşitdim".

3. "Men uklap bilemok" diýip, ol meniň ýorganyma girdi...Onuň sowuk tenine degip men oýandym...
4. Öýe geldim, ejem aşhanadan “Agşamlyk naharyňy iý" diýip gygyrýar we ejemden SMS gelýär: “Gijä galaryn, özüňe bir zat gyzdyr.”

5. Pişigimiň görüş meselesi bar diýip pikir edýärdim: maňa seredende gözüni jemläp bilmeýär. Onuň elmydama yzymdaky  bir zada seredýändigine düşünýänçäm...

6. Näme üçin iki kölege salýandygyma düşünip bilmedim. Galyberse-de, otagda diňe bir çyra bardy.

7. Ýatylýan otagymyň penjiresiniň daşyndaky garaňkylykdan iki sany göz maňa seretdi. Men bolsa 5-nji gatda ýaşaýaryn...

8. Irden telefonda uklap ýatan suratymy tapdym. Kim aldyka... Men ýeke ýaşaýaryn...

9. Uzakly gün işde öýe geldiňiz we eýýäm ýeke dynç almagy arzuw edýärsiňiz. Eliňiz bilen wyklýuçatel gözleýärsiňiz, ýöne kimdir biriniň elini duýýarsyňyz...

10. Asuda uklap ýatyrkaňyz kimdir biri adyňyzy pyşyrdady. A siz bolsa ýeke ýaşaýarsyňyz...

11. Uklap, bir aýagyňyzy ýorganyň aşagyndan çykardyňyz. Kimdir biri derrew seniň aýagyňdan  tutdy...

12.  Çagany krowadynda ýatyrdym, ol maňa: "Kaka, krowadyň aşagyny barla" diýýär. Ony köşeşdirmek üçin krowadyň aşagyna seretdim we ol ýerde maňa gorkunç we titreýän ses bilen seredýän çagamy görýärin: "Kaka, meniň düşegimde başga biri bar".

13.  Aýnanyň kakylanyny eşidenim üçin oýandym. Ilki bilen penjireden kimdir biri kakýandyr öýdüpdim, ýöne soň başga bir ýerden  kakylanyny eşitdim. Ýüz görülýän aýnadan...

Like basmadyklar aýnaňyza seredip görüň ...👀  😁😁😁
27
76
birijikprenses
30 Awgust 2023
Agyyyyy gaty gorkunc men gorkyan akşam bir goyman buuu postlary
Miss_Minnosh❤️
30 Awgust 2023
😱😱😱
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.