sweetify
29.08.2023 22:46

••••Her bir ýalpyldan zat altyn däldir,

Her bir söýýän diýýän bagtyň däldir.


Seniň ajaýyp diýip ykrar eden zatlaryňa göwünleri ýetmän, düşündiriş beriberseler, hiç darykmaň. Gözelligiň manysyna düşünmeýän gyzlar reňk-beýleki çalynyp, hatda Hudaýyň sungatyny hem «işleýärler» ahyry.


Birbada hemmäniň göwnüni awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.


Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.


Aladalar owunjak bolup biler, ýöne hiç haçan oýunjak bolup bilmez.


Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekjek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem ajy çakyr ýasaýarlar ahyry!


Kä wagt geçmişimi biriniň eline tutduryp, edil bäş minutdan gelýän diýip gaçyp gidesim gelýär!

14
47
miss_psychologist
29 Awgust 2023
Şu soňkyny edip bolsadyda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.