cilek
29.08.2023 15:17

Pişikleriň ýabany we öýdeçi görnüşleri bolup,hereketleri bilen adamlaryň ünsüni çekýärler.Eýsem pişikleriň nähili aýratynlyklary barka?!


😺Pişikler gününiň 16 sagadyny uklap geçirip bilýärler.


😺1963-nji ýylda Fransiýada ilkinji gezek pişik kosmosa uçurulýar.Pişigiň atmosferanyň daşynda eden syýahaty şowly tamamlanýar.


😺 Dünýäniň ähli ýerinde iň köp ýaýran öý jandary pişik hasaplanýar.


😺Dünýäde 500 milliondan gowurak öý pişiginiň bardygy çaklanylýar.


😺Pişigiň ilkinji karikaturasy"Felix the cat" ady bilen 1919-njy ýylda çap edilýär.


🐱"Tom we Jerri"multfilmi ilkinji gezek 1940-njy ýylda tomaşaçylara ýetirilýär.


🐱Pişigiň burnunyň her tarapynda 12 murty bolýar.


🐱Pişikler oýa wagtynyň üçden bir bölegini özlerini arassalamak bilen geçirýärler.


🐱Pişikler öz bedeninden 5-6 esse uly aralyga böküp bilýär.


🐱Öý pişikleriniň agramy 4-5 kilogram aralygynda bolýar.


🐱Pişikler gijeki görüş adamlara garaňda 6 esse gowudur.


🐱Pişikler adamlardan çalt ylgaýarlar.


🐱Pişikler ýiti duýga eýe.Gaşlary,murtlary we gulak tüýleri aşa duýgur.


🐱Pişikler ortaça 12-15 ýyl ýaşaýarlar

26
58
cilek
29 Awgust 2023
@wolf, 😺
wolf
29 Awgust 2023
Pişijikler 👍😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.