Sahet
21.11.2019 09:10
D S agzamazyñ hayysy boyunca Magtymguly atamyzyn "Ykbal bolmady" atly gosgusy


Köp ýigitler gelip geçdi jahandan,
Niýetine görä ykbal bolmady.
Gerdişi keç gahba pelek elinden
Ertiri şat bolan öýlän gülmedi.

Günde kepen biçer bu ajal-haýat,
Bir beladyr, hiç gutarmaz bu saýýat.
Pelle-pelle aşak düşer adamzat,
Bu gün görenleriň ertä galmady.

Bir degişhanadyr dünýäniň ýüzi,
Nesihatym diňle, eşit bu sözi.
Ajal ýetip adam ýumulsa gözi,
Göýä bu dünýäge geldi, gelmedi...

Hemaýun gorganyn saldyran Harun,
Dünýäni tört bölen kany Peridun?
Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun —
Gözi gumdan doldy, puldan dolmady.

Magtymguly haýran, her ýana bakar,
Bu ne gudrat işdir: suwdan ot çykar,
Ýagşy oguldan rahmet arygy akar,
Lagnatkerde ogul boldy, bolmady.
4
122
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.