Gyzykly
01.04.2020 11:49
Näme üçin bu 10 düşünjäni biz aradan aýyrmaly?

Siz nähili adam bolsaňyzam, nähili maksadyňyz bolsada, bu durmuşdan nämä garaşýan bolsaňyzam men birzady bilýän, size bu durmuşda BAGT gerek. Elbetde ol biziň her birimize gerekdir. Ýöne adamlar käwagtlar öz bagtyna ýetmekden geçip gaýtam käbir hereketleri bilen ony daşlaşdyrýarlar. Bu barada 10 düşünjäni düşündirmek gelýär:

1. Kesekileri makullamak
Siziň başga birine bolan pikirleriňizi olar bilýändir öýtýäňizmi? Eger siz öz çykarýan netijäňizden özüňiz razy bolýan bolsaňyz ol gowy zat ýöne näme üçindir biz köplenç kesekileriň pikiri boýunça nähili derejede bagta ýetenligimizi hasaplaýas? Kesekiniň pikiri bilen ýöremäň ol siziň durmuşyňyz üçin niýetlenen däldir, näme diýseler şony diýsinler siziň öz durmuşyňyz bar, öz pikiriňiz bar, siz kesekiden durmuş ýörelgäni almaň kesekiden maslahat alyň! Maslahat almak bu gowy zat ýöne siziň durmuşyňyzy başga birine çözmäge ýol bermäň.

2. Garaşmak
Eger siz hiç zada garaşmaýan bolsaňyz onda siz hiç zatdan nägile bolup bilmersiňiz. Eger siz belli bir herekedi edip başga birlerinden hem şeýle herekede garaşýan bolsaňyz, onda siz ýalňyşýaňyz. Bu biderek pikir. Birzada düşünmek gerek, size hiç bir adam hiç zady borçly däl, edil şolar ýaly siz hem töwerekdäki adamlardan hiçkime borçly bolup bilmersiňiz. Bu sözlere dogry düşünmeli!, Size hiç kim gülüp bakmaga, ünsli bolmaga, arassaçyl, dogruçyl ýa-da gepleşikde hormat goýmaga borçly däldir. Bu dünýäniň mydam dogry däl-de ters tarapynyň hem bardygyny ýatdan çykarmaň! Bir adam – Bir dünýä ! Ol dünýä siziňki bilen hiç gabat gelmez. Ol dünýä özboluşlylygy bilen sizden tapawutly bolýar.

3. Iň ýokary idealyň obrazy
Siz her gün telewizorda, telefonlarda, internet maglumatlarynda dürli görnüşli reklama görýäňiz, ol reklamalarda size, “Siz dogry geýinmegi isleýäňizmi onda size plan brendli meşhur eşik gerekdir” ýa-da “Özüňizi ynamly duýasyňyz gelýärmi onda bu awtoulag siz üçin niýetlenendir” ýa bolmasa plany önümi iýmitleneniňizden soň siz özüňizi güýçli, sagdyn, şadyýan duýarsyňyz, elbetde şuňa meňzeş sözler bilen biz gündelik durmuşymyzda giňden tanyşdyrs. Bu reklamanyň pikirlerini köplenç ýagdaýda jemgyýet hem goldaýar. Marketolog üçin siz nähili geýineňizdede, nähili bolanyňyzda onuň esasy maksady öz harydyny geçirmek. Durmuşyň manysyna düşünmedik adam üçin, gymmat bahaly zatlara ol ideal durmuş diýip hasaplap biler. Adamyň gowsy onuň gymmat bahaly eşigi, gymmat bahaly awtoulagy ýa-da pulunyň känligi bilen çözülmez. Siz pula iň gymmat eşigi satyn alsaňyzam siz gözelligi satyn alyp bilmersiňiz. Siz pula derman alsaňyzam ýöne saglygy alyp bilmersiňiz. Siz pula sagat alyp bilersiňiz ýöne wagty satyn alyp bilmersiňiz. Siz pula kitaby satyn alyp bilersiňiz ýöne akyly satyn almarsyňyz. Siz puluňyz üçin hormaty alyp bilersiňiz ýöne hakyky sylagy gazanmarsyňyz. Durmuşyň gymmaty pulda däl, durmuşyň gymmaty adamkärçilikde.

4. Ýazgarmak
Näme üçin käbirlerimiz başga biriniň üstünliginde göz gyzdyrýas? Näme üçin size olarda bolan ýazgaryş döreýär? Biz özümiziň köp wagtymyzy iliň pikirini edip olary ýazgarmaga sarp etýäs, adatça ýazgarylýan adamyň özi hem şeýle hereketlerde bolýar. Biziň ählimiz özümiziň gürrüňimiziň edilýändigini bilýäs, sebäbi bu herekedi özümiz hem gaýtalaýas. Bir zady biliň! siz üstünlige ýeten adamyň ädigi bilen ýoly geçip görmediňiz, onuň durmuşynda dörän meseleleri siz duýmadyňyz. Iliň durmuşyna seretmezden öz durmuşyňyzy bagtly etmäge çalşyň. Ile ýazgaryş bilen seredip bagt tapan ýok, durmuş her kime her hili seredýär.

5. Özüňi aklamak
Her bir adamyň durmuşa özüçe düşünişi bolýar. Siz adatça ýaltalyk etýäniňizi boýun almarsyňyz oňa derek siz ýadadym, ukym tutýa, bu gün kän işledim sözleri bilen çalyşarsyňyz. Bu sözler bilen siz kimi aldaýaňyz? Ýene-de özüňizi aldaýaňyz! Özüňi aklamak bilen siz dörän meseläni çözüp bilmersiňiz, özüňi aklamak ol özüňe öz diýeniňi etdirip bilmeýänligiňden döreýär. Siz özüňizi ýerden galdyrmasaňyz hiç kim sizi ýokary galdyrmaz. Intägem kesekiniň sizi ýerden galdyrmagyna garaşýaňyzmy, onda üstüňizden depeläp geçýänçäler garaşyp bolar.

6. Bagtly durmuş üçin birine daýanmak
Eger siziň içki dünýäňizde boşluk bar bolsa hiç kim ony dolduryp bilmez. Siz keseki adama özüňizi tanatsaňyzam siziň öz içki dünýäňiz boş galýar. Hiç kim bu durmuşda sizi bagtly edip bilmez eger ol bagty özüňiz tapmasaňyz. Hiç kim size gowy durmuşy hödürläp bilmez, ol diňe siziň özüňizde döreýän duýgydyr. Ýaş nahalyň ösýän wagty onuň boý almagy üçin golaýyndan agaç bölegini dikýärler, dikilen agajy aýyrsaň ýuwaş gelen şemal hem ýaş nahaly alyp gitmäge ukyply bolýar. Birine daýanyp ýaşamakda mundan siziň nähili tapawudyňyz bolup biler? Durmuşyňyzdaky döreýän harasatly şemaly daýanç bilen alyp çykmaň, ony özüňiz ýeňmegi başaryň, çünki ol daýanç siziň özüňiz bilen alyp gitmegi mümkin.


7. Ynamsyzlyk
Her bir durmuşa dogry düşünýän adamyň özüne mertebe hasaplaýan düşünjesi bolýar, ol men-menlik däl, ol özüne bolan ynamydyr! Hiç bir zatda ynamsyzlyk döremäge sebäp ýokdur. Sebäbi ynamsyzlygy döredýän siziň özüňizsiňiz. Adamyň iň ganym duşmany onuň ýene özidir. Özüňizi ynamsyzlyk bilen gaplanmaga ýol bermäň ol siziň ertirki günüňizi garaňky eder, geljegiňize bolan umydyňyzy ýitirer!



8. Geçmiş
Geçmişiňe puşman edip gezmek, geljegiňi çukura gömmekdir. Her bir adam durmuşynda ýalňyşlyk göýberýär, esasy zat ýalňyşmazlyk däl, esasy zat ýalňyşyňa wagtynda düşünmekdir. Her bir adam bagyşlanmaga mynasypdyr ýöne rehimlilik ikinji gezek şol bir çukura gaçýan adam üçin däldir.



9. Ertir
Öňüňizde goýan maksatlaryňyzy ertire goýmak endigini aýyryň. Şu günki günüňiz bilen ýaşamagy öwreniň, her gezekki öňüňizde goýan maksadyňyzy ertire goýlup gidiljek bolsa onda ony etmegiň manysy barmy? Her gün irden turup ertir diýjek bolsaňyz onda siz üçin hiç wagt ertir bolmaz, ertir ýok diňe şu gün bar! Edilmeli işleriňizi şu gün ýerine ýetiriň, her gezek ertirki goýlan iş sizi alada goýýar, stress döredýär, depressiýa başlaýar.


10. Kesekiniň durmuşyna göz gyzdyrmak
Bagt siziň isleýän zadyňyz däl, bagt sizde bar bolan zat. Sizde bar bolan baýlygyň gadryny bilmegi başaryň. Durmuşda kesekiniň baýlygyna seredip özüňden närazy bolmak öz durmuşyňdan närazy bolmakdyr. Haçanda asmandaky aýyň bir tarapy ýagty bolanda onuň ters tarapy mydama garaňky, edil aýyň şeýle bolşy ýaly adamda hem garaňky dünýä kän, kesekiniň baýlygy köp bolsada onuň başga bir tarapy kem bolup bilýändir. Adamyň diňe ýagşy tarapyndan seredip oňa baha kesmäň. Süýji ýaşaýşyň ajy tagamy bolýar.

©Gyzykly
16
284
Karaleva
1 Aprel 2020
gaty gowy haladym yenede goyup duryn
Gyzykly
1 Aprel 2020
Sizem sagbolun
Gülhan
1 Aprel 2020
Örän gowy, gerekli maslahat hemde düşünjeler.?... Eger hemme adam şu düşünjeler bn yaşasa onda, bu dünyäde hiç hili erbetlik bolmaz, sebäbi adamlar diñe özüne erbetlik edyäler, we uly yalñyşyalar, şol yalñyşy goybermezlik ucn elimize berlen pursatlaryñ ählisini bolsa gidiryäs....? Bu hem bize dogry yollarda yöremek üçn öñümizden çykan bir pursat boldy....?☺️

Sag boluñ! Gyzykly?
Aýjemal
1 Aprel 2020
??? gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.