sh_shamko_
29.08.2023 08:44

Duýgy we duýgular hakynna düşünje


Duýgular hakykatyň şöhlelendirmesi hökmünne. Adam şol bir wagtyňözünde janly organizim we jemgyýetiň agzasy bolup şahsyýet hökmünde dürli obýektlere bolan gatnaşyklaryny beýnisinde şöhlelendirýär. Bu şöhlelenmäniň esasy mazmunyny şahsyýetiň hereket ediji we akyl ýetiriji subýekt hökmünne islegini kanagatlandyryp biljek ýa-da päsgel döretjek obýektlere bolan gatnaşyklary düzýär.

Daşky dünýäniň adamyň beýnisinde şöhlelenmesiniň şeýle öz boluşly tarapyny şahsyýetiň duýgy ýa-da emosional ulgamy döredýär. Duýgular adamyň beýnisinde onuň real gatnaşyklarynyň ýagny islegleriniň subýektiniň özüne ähmiýeti obýektlere gatnaşyklarynyň şöhlelenmesidir.



Duýgularyň signal-habar beriji we regulýar edara ediji funksiýalary. Duýgular adamyň psihikaaynyň şahsyýetiniň işiniň öz boluşly ulgamy bolup olar dünýä akyl ýetiriş we ony özgerdişprosesinde dürli görnüşde syzylýar. Birinjiden duýgular dünýäde bolup geçýän zatlaryň adam üçin ähmiýetini habar beriji signallarulgamy bolup durýar. Hakykatdan hem duýgy organlaryna täsir edýän gyjyndyryjylaryň birnäçesi döreýän dubgy arkaly jemlenip bellibir täsir döretýär.



Dowamy inniki post-larda :))

25
134
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.