Bir gün är-aýal uzak gün hiç kime gapyny açmazlyk kararyna geldi. Irden jaň sesine oýanyp, gapyň gozjagazyndan seretseler - adamsynyň ene-atasy dur. Gapyny açanoklar . Adamsynyň ene-atasy gidýär. Biraz wagt geçensoň, ýene gapa jaň edilýär, seretdiler - aýalyň ene-atasy. Gapyny ýene açmazlyk islediler, ýöne aýaly aglap başlady, adamsy oňa rehim etdi we açdy. Wagt geçdi ... 4 ogly boldy, bäşinji gyzy dünýä indi. Adamsy uly oturylyşyk etdi we gaty begendi! Soňra dostlary ondan: "Näme üçin gyzym boldy diýip beýle bagtly?Galyberse-de, ogul doglanda-da beýle bagtly däldiň?"
Ol bolsa ýylgyryp jogap berdi:
- Meniň üçin gapyny açjak dünýä indi!