Gaýypguly
01.04.2020 09:28
Bu dünýäge öňüni gorüp gelen ýok
Ykbalyňa ýugrulypjyk görüber
Haçan öljegiňi entek bilen ýok
Halallyga ugrugypjyk ýöräber.

Iliň gepini etme ozüňem goran
Gybat ýykyp biler Men diýen ärlerem
Ölseňem öwrenme ýalançyň tärin.
Oň deňinden howlugypjyk ýöräber.

Garynjygyň hiçdir gözüňi doýur
Duzuňy kemeltme sözüňi doýur
Başarsaň bedewiň yzyny eýer.
Eşek görseň öwrülipjik ýöräber.

7
133
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.