moonlight
28.08.2023 11:26
Degişme äheñinde..


Atamjan hoş, men-ä öÿe ýöredim,

- Sen nähili nesil bolup dörediñ?!


Biraz aýak çek wakaly, gel bäri,

Sesim çykarmadym ençe ÿyl bäri.


Gazyga dañylan sygyr mysaly,

Hemmäñiz el ýaly ek:ranyñ guly.


Ümsüm boldugymça çykdyñyz başa,

Çaltyrak gel bäri, arkamy gaşa.


- Bor ata şoñ bilen gaharyñ ÿatsa,

- Gaharyñ ÿatarmy, ajalyñ ÿetse.


- Ajal?

- Hawa ajal, ynha eli ÿakamda,

Geç şu ÿere durmadäni depämde.


Aÿdÿan ÿaly boldum, arzymy kere,

Çowluk söÿäÿjekdim, girmänkäm ÿere.


- Ata entek irä?

- Nirä how, nirä...


- Mundan beter ösüp düÿe boljakmy,

\"Müjerret\" adyna eÿe boljakmy.


Aÿyr şol gulagyñ \"nauşnigini\",

Alakañky ÿaly etdiñ hiniñi.


-Ata diñlejekmi, gowy aÿdym, Jony,

-ÿok et, ne duzy bar ne-de bir many.


Şol Jonyny diñläp bolduñ, sen düñle,

Ondan Atabaÿy, Sahyny diñle.


Çuwaly, Ballyny diñle hem oÿlan,

Atañ gidip baŕyar çaltyrak öÿlen.


- Atam men öÿlenjek, ÿöne sen düşün,

Täze kanuny bar täze durmuşyñ.


Okuw, iş, maşyn hem aÿratyn eÿwan,

- Muña seret akyl öwredÿär haÿwan.


Soñky ÿaşlañ başy, diñe şol pikir,

Şeÿdip özüñize gazÿañyz çukur.


Okuwly, maşynly, howluly äre,

Gelen gelin haÿyr berermi töre.


Taÿyn öÿe getir oÿnasyn, gülsün,

Ÿöne ol eÿwanyñ gadryn näbilsin.


Bile gazanmaly, ähli barlygy,

Maña kän aÿdarsyñ minnetdarlygy.


Bir zady berk belle, aÿla seriñe,

Maşyndyr, jaÿ üçin dökjek deriñe.


Şärik bolsun saÿlap, söÿen geliniñ,

Gaty insin aÿasyna eliniñ.


Şonda gadry bolar hatda süwsäñem,

Aÿap saklanylar çäÿnek-käsäñem.


Döwjek wagty deri ÿadyna düşer,

Kirlän wagty gadryñ oduna bişer.


Bile gazanylan bagtyñ gymmaty,

Durmuşyña saçar soñsuz nygmaty.


- Onda men öÿlenjek,

-munyñ başga gep.

- Ata öÿlenmäge nämeler gerek?


Onam aÿdaÿynmy, haÿ näletkerde,

Gyz gerek, daşy däl, ÿüregi zerden,

- Ata tapaÿaly...

- Ÿok bol şu ÿerden...


Kerim Hally


(şu goşgam şu ýerjikde duraýsyn)
30
106
wepayewa_
28 Awgust 2023
Gaty gowy söz ýok
shiraly
28 Awgust 2023
@moonlight, Bolia. Onnoda haladym. . . 🙂👍🏻
moonlight
28 Awgust 2023
@shiraly, ýok
shiraly
28 Awgust 2023
Dowamy barmy..? 🙂👍🏻
gurbanowa
28 Awgust 2023
👍🏻
tmyigit76
28 Awgust 2023
Wideosyny görüp ýylgyrypdym. Sag boluň zähmetiňize
alma___
28 Awgust 2023
Ata dogry aýdýar.bile gazanyp oý bolcañ gadry başgaça bolar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.