Hekaÿa
Bütin ömrüni gurluşyk işlerine bagyşlan bir ökde gurluşykçy hormatly dynç alyşa gitmekçi bolupdyr. - Men indi pensiýa çykmakçy. Öýde keýwanym bilen agtyjaklarymyza seretmekçi – diýip garry gurluşykçy ýolbaşçysyna aýdypdyr.
Firmanyň ýolbaşçysy iň gowy işgäriniň gitmegine gynanypdyr.
- Siz ýaşuly, pensiýa gitmänkäňiz bize iň soňky jaýyňyzy gurup beriň. Biz bolsa sizi uly şatlyk hemem sylag bilen hormatly dynç alyşa ugradarys – diýip başlygy aýdypdyr.
Gurluşykçy razylaşypdyr. Täze proekte laýyklykda kiçijik maşgala üçin öý gurmalydy. Öňkiler ýaly aladalar: gurluşyk harytlaryny tapmaklyk, barlamaklyk ýaly ownuk-uşajyk zatlar başlanypdyr. Gurluşykçy howlugypdyr, sebäbi özüni eýýäm dynç alyşda görýärdi. Gurluşygyň köp zatlaryny ýerine ýetirmändir, käbir zatlaryny taşlap gidipdir, işi togtatmazlyk üçin çaltrajyk getirtmäge arzan gurluşyk harytlaryny satyn alypdyr. Ol bu herekediniň ýalňyşdygyny, işini gowy ýerine ýetirmeýändigini bilse-de, bu karýerasynyň soňy diýip özüni aklaýardy. Ahyry gurluşygyny tamamlap ýolbaşçysyny çagyrdy. Ol öýi gowy gözden geçirip şeýle diýdi:
- Bilýäňizmi, bu öý siziňki. Ine açary alyň, girip ýaşaň arkaýyn. Ähli resminamalaryňyz taýyn. Bu size bütin ömrüňize bitiren işleriňiz üçin firmamyz tarapyndan sowgat.
Gurluşykçynyň nähili duýgulary başdan geçirýändigini bir özi bilýärdi. Onuň ýüzi şeýle bir gyzardy, daş-töweregindäki adamlar onuň gyzarmasyny sowgady üçindir öýdüpdiler. Ol bolsa eden işi üçin şeýle utanýardy. Ol indi guran öýüniň ýalňyşlyklaryny, ýeter-ýetmezliklerini pikir edip durdy, beýlekiler bolsa gymmat sowgat üçin özüni oňaýsyz duýýandyr diýip pikir edýärler. Indi ol şo guran doly däl öýünde ýaşamalydy...
Mähriban okyjylar geljegimizi özümiz gurÿarys durmuş meselesinde ÿalnyşlyga ÿol bermäliñ!