gullnara_
27.08.2023 08:17
Aýdymlara näme goşýarsyň uýam?

Şeýle bir ekabyr aşpezler bolýar:
Goşýarlar nahara nämedir bir zat.
Ana şonda tagam tagsyrsyz nahar
Üýtgeşik tagamly bolýar bada-bat.
Goşýarlar nahara nämedir bir zat.

Şeýle bir ekabyr lukmanlar bolýar:
Dermana-da derman goşýarlar öýdýän.
Olaryň ýanyna syrkawlap barsam,
Öýmüze tut deýin sagalyp gaýdýan.
Dermana-da derman goşýarlar öýdýän.

Şeýle bir dilewar adamlar bolýar:
Sözlerine goşup nämedir bir zat,
Bütin kalbymyzy gurşap alýarlar,
Söz bilen edýärler adamlary şat.
Goşýarlar sözlere nämedir bir zat.

Iliň aýdyp ýören aýdymlaryny,
Sen nämeler goşup aýdýarsyň, uýam?
Diňledigim saýyn seniň sesiňi,
Aýdymlaryň güýjäp barşyny duýýan,
Aýdymlaryň süýjäp barşyny duýýan,
Aýdymlara näme goşýarsyň uýam?

Zuleýha Kakaýewa üçin ❤❤❤
17
73
alma___
27 Awgust 2023
Màhir goşýandyrlar
moonlight
27 Awgust 2023
Awtory kimkä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.