iska95
27.08.2023 01:35

Gyssama ömür


Birden giň dünýäm daralýa,

Sen meni gyssama ömür.

Heniz etjek goýjagym bar,

Sen meni gyssama, ömür!


Pikirler kerwenin dartyp,

Aladalar barýar artyp.

Arzuwlamdan öňürtip,

Sen meni gyssama, ömür!


Günler kem-kemden bat alýa,

Arzuw-umytlam ot alýa.

Sen näme utýan zadyň bar,

Sen meni gyssama, ömür!


Arş nepesinden perman ber,

Melhem otlaňdan derman ber.

Şem ýaly eräp barýan men,

Sen meni gyssama, ömür!


Ýalpyldap ýaýnap gezeýin,

Körpäme borjum üzeýin.

Boýlaýyn bagtyň güzerin,

Sen meni gyssama, ömür!


Ýürek tarym, ýeke-tägim,

Watan atly kyblagähim.

Menden bilgir bolon dälsiň,

Sen meni gyssama, ömür!


Baglar öwşün atyp durka,

Daglar oýa batyp durka.

Yşk derýasy akyp durka,

Sen meni gyssama, ömür!


Ýok dünýä bilen jedelim,

Ýa gazabynda hederiň.

Bir gün duýdansyz gideýin,

Sen meni gyssama, ömür!


Awtor: Bilbil Orazdurdyýewa.



Like goýmagy unutmaň ❗❗❗

11
25
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.