wepayewa_
25.08.2023 15:48

Ýaşarsyñ



Diñle eger görmezlige salaýsam


Barlygyña guman edip ýaşarsyñ


Gardanam ak bir perizat alaýsam


Gar aklygna guman edip ýaşarsyň


Men gidäýsem senden ýüzüm öwürip


Tapmarsyñ hiç ýer ýüzüni çöwürüp


Ýadygär surata ýüzüñ degirip


Gamly halda ýüzüñ ýaşlap ýaşarsyñ


Ýürekdäki söýgü ody öçende


Yza dolap bilmersiñ bir göçemde


Ýa ýat ýigdi zorluk bilen guçañda


Ýürek ýakyp bagryñ daşlap ýaşarsyñ


Guman etmän bizden sowular döwran


Günäkäru sensiñ ýüzüñ öwüren


Tapdyrmaz baş söýgüñ gözleseñ öwran


Çarp urup çar ýana haşlap ýaşarsyñ


Pikir etme ýazyñ güni geçmez diýp


Ýeri ýokdur özge ýana göçmez diýp


Ýary tapman özge gyzy guçmaz diýp


Her ädimde gözel guçup ýaşaryn


Gyz bilen ol duza gytçylyk ýokdur


Diýen sözlem belki janyña okdur


Ýüzüsi tapdyrar sözlerim hakdyr


Gara gözleriñden uçup ýaşaryn


Resulberdi nazar salsa her kime


Sen galarsyñ şonda bilmen gör kime


Bakmaz agyr hala bakmaz görküñe


Dünýeden däl senden geçip ýaşaryn

17
49
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.