0913
25.08.2023 08:36

Düýşime girdi meň şeýle bir waka

Täsin bir kiçiräk bazar barmyşyn

Kätesi has gymmat, kätesi arzan

Olaryň biri NAMYS - ARmyşyn


⭐⭐🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟


Satyjydan soradym bu näme zatlar

WYŽDAN jigim arzan alyber diýdi.

Bu ýana seretsem bir topar NIKA

Bulardan gaty kän geliber diýdi


🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟


Haýran bolup ýene aýlanyp ýörkäm

GÖWÜN ýerde ýatyr hiç kim alman

Bahasy arzanjak ynansan bir teňňe

Adamlar üçin oň gadry galmandyr


⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐


Ýolumy dowam edip barýardym birden

Adamlar üýşüp dur ýüzlerçe sany

YNSAP almak üçin durandyr diýsem

GAHAR almak üçin nobatda bary.


🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟


"ADAMÇYLYK barmaý agamjan sizde"

"Alyjy ýok jigim şoň üçin satmadym"

ADAMÇYLYGY gözläp bütin bazardan

Aýlandym, aýlandym ýöne tapmadym


🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟


Bir näçar nurana bir ynsan otyr

Söwdasy ýok, harydyny görýän ýok

"Mähir satýan gyzym kyrk ýyldan bäri

Soňky on ýyllykda ony alýan ýok.


🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟


Eger şu bazar bolan bolsady

YNSAP, WYŽDAN üçin hökman giderdim

Käbir adamlara MÄHIR köp alyp

Adamçylygy bolsa sowgat ederdim


💝💝💝💝💝💝💝💝💝💝💝💝💝💝


Mähribaýewa Aýjeren.

18
46
Ayjahan Spr 04
25 Awgust 2023
👍👍
Ayjahan Spr 04
25 Awgust 2023
Gowy goshgy
wolf
25 Awgust 2023
👍🔥👍🔥👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.