Adamlaryñ arasynda horasanlylar we Merw şäheriniň halky bilen baglanyşykly köp gürrüňler bar. Men dostlarymyň birinden şeýleräk gürrüň eşitdim: «Merwliler ýanyna gelen myhmandan we ýanynda köp wagtlap oturan adamdan: «Bu gün nahar iýdiňmi?» diýip sorar ekenler. Eger ol: «Hawa, iýdim» diýse, onda oňa: «Iýmedik bolsaň saňa tagamly nahar hödürlejekdim» diýer eken. Emma ol: «Ýok, iýmedim» diýse, onda oňa: «Ýör, onda saňa bir käse suw beräýeýin» diýermişler.
Aç-da bolsa, dok-da bolsa, gelen adam aç galýarmyş.
***
Sumama ibn Eşres şeýle gürrüň berýär:
«Men ähli ýerde horazlaryň tapan dänelerini çüňki bilen alyp, towuklary çagyryp, olaryň öňünde goýýandygyny gördüm. Emma Merwiň horazlary başgaçady, olar beýtmeýärdiler. Gaýtam tersine, olar towugyň çüňkündäki dänäni hem zor bilen almaga synanyşýardylar. Men Merw halkynyň gysganç häsiýetleriniň olaryň ýurdunyň suwunda we tebigatynda hem bardygyna göz ýetirdim. Şonuň üçinem gysgançlyk ol ýerdäki ähli janly-jandarlara hem geçipdir».
* * *
Men bu gürrüňi Ahmet ibn Reşide gürrüň berenimde, ol hem maňa şu hadysany aýdyp berdi: «Men merwli bir adamyň ýanynda otyrdym. Onuň ýanynda çagasy oýnap ýördi. Men ol çagany synap görmek üçin şeýle diýdim:
— Çöregiňden maňa-da beräý-dä!
— Sen ony iýip bilmersiň, bu ajy ahyry.
— Onda suwuňdan içer ýaly azajyk beräý-dä.
— Ony hem içip bilmersiň, sebäbi ol duzly.
Men çagadan näme sorasam, ol hökman bir bahana tapýardy. Ahyrsoňy ýaňky çaga maňa gaharlanyp başlady. Kakasy bolsa oturan ýerinden gülüp: «Meniň günäm ýok. Men oňa hiç zat öwretmedim. Bularyň hemmesini öz kellesi bilen aýdýar» diýdi. Şonuň üçinem gysgançlyk merwlileriň ganlarynda bar».
* * *
Bir dostum maňa şeýle gürrüň berdi: Bir öýde oturan üç- dört sany horasanly ýakyp oturan çyralarynyň ýagynyň çykdajysyny öz aralarynda deň paýlaşmaly edipdirler. Bularyň biri olaryň bu pikirine goşulmandyr we puly tölemek islemändir.
Netijede, çyrany ýakanlarynda ýaňkynyň gözlerini daňypdyrlar. Ony tä ýatýança gözleri daňylgy ýagdaýda saklapdyrlar.
Diňe çyra söňdürilensoň çözüpdirler.
* * *