Abat_
24.08.2023 19:19
\" ynha,seni söýýänime göz ýetiren günümiň üstündenem 2 ýyl geçdi. Bu wagt aralygynda men mundan öň hiç wagt tagamyny dadyp görmedik duýgularymyň ençemesini başdan geçirdim. Bilýäňmi seni şeýlebir göresim gelýär. Käte bu duýgy mende akyla sygmajak we söz bilen beýan edip bolmajak duýgulary oýarýar, ruhlandyrýar. Her duýgyny başdan geçiremde, täze duýgulary açyş edenimde, öz-özüme:\"Diýmek söýgi, küýsemek azaby, aşyk bolmak... şu ekendä\" diýip içimi gürletýän. Sen käte her sereden ýerimde, her sereden adamymyň keşbinde bar ýaly göz öňümde janlanýaň, käte-de sen hiç bir ýerde ýok ýaly sereden hiç bir adamyň keşbinde seni görüp bilmeýän. Käte hemişe ýüregimde seni göterip ýörenim, ruhum bilen seni duýýanym, bu dünýäde barlygyň üçin seni görmek asla gerek däl ýaly duýulýar. Emma söýgi dünýä gözi bilen görmegi talap edýän eken. Saňa sygynýan ýaly hemişe aklymda adyňy gaýtlamagym bilen ýetenok eken,muňa doly göz ýetirdim. Bir adamyň ruhyny söýseň onuň daşky görnüşi, bedeniniň gurluşy, dini, reňki,gürleýän dili,ynançlary seni asla gyzyklandyrmaýan eken. Nähili täsin şeýle dälmi? Men hem şeýle bir bir adamyň ruhuna aşyk boldum. Sen muny hiç duýmadyk bolmagyň mümkin, belki men duýdyrmak islän däldirin. Sebäbi men saňa öz söýgümi beýan etsem, saňa aşykdygymy, ýylgyrşyňa- bakyşyňa aşykdygymy, ýanymda barkaňam seni göresim gelýändigini emma saňa köp seretmägede dözmeýändigimi aýtsam maňa düşünmezligiňden gorkdym. Meni söýmek üçin ýekeje ikirjeňlenmegiňden, oýlanmagyňdan, men tarap, söýgüm tarap basan ädiminde yzyňa seretmegiňden gorkdym. Sen belki meni söýüp bilerdiň, maňa söýülmek duýgusyny bagş edip bilerdiň emma ýenede gorkdum. Men şu ýagdaýymada kaýyldym. Sebäbi jogapsyz söýgini men däl, ol meni saýlapdy. Egerde maňa tarap, söýgümi tarap basan ädimiňde hiç hili puşmanlyk, birahatlyk,ikirjeňlenmek ýok bolsa onda gel. Gel we bu jogapsyz söýgi azabyndan meni halas et,ýüregime teselli ber....
Seni ýürekden söýüp galyjy aşygyň.
20nji awgust \"
Bu hat awgust aýynda ýazylypdyr. Diýmek Janetiň durmuş toýundan 1ýyl öň ýazylypdyr-da. Emma bu hat eýesine gowuşmandyr. Hawa gynansak-da Janet bu hatdan we Dewidiň ony halaýanyndan habarsyzdy. Men bu haty agamyň özi üçin gadyrly zatlary saklaýan gutujygyndan tapdym. Gutujukda hatdan daşary kakamyň Dewid entäk 13 ýaşdaka oňa sowgat eden jübi fonary, ýüzmek bäsleşiginde gazanan medallary, ejemiň köneräk bir suraty we meniň kiçijik wagtym ýalňyşmaşam 2 ýaş wagtym saçyma dakan bogujym bardy. Ony näme üçin gutujykda saklapdyr, ýada meni şeýle gowy göreni üçin kiçiligimiň bir parça ýatlamasy üçin saklap goýdumyka?...Bu hat eýesine gowşanda belki Janet başga biri bilen durmuş gurmazdy, Dewidin duýgularyny düşünerdi, ony söýmegem ahmaldy. Dewidiň şol ýyl näme üçin birden howlukmaç ýagdaýda, başga künjege okamaga gidendiginiň sebäbini bildim. Ol söýen gyzyny toý lybasda görmek islemändirdä. Belki \"söýen gyzym men üçin toý lybasy geýmese, onuň toýuna gatnaşmagyň hokmanlygy ýok\" diýip bu ýerden baş alyp giden bolmagam ahmal. Aradan 3 ýyl geçdi.Ol okuwa girdi. Okuwynyň daşyndan Italiýa naharlary taýýarlanýan kafeda sazanda bolup işleýär.Ol şol günden soň saz gurallarynyň köpüsini ulanmany öwrenipdir. Ökde sazanda. Dewid\"Her bir saz guralyndan, bagtyýarlyk owazynyda, gaýgyly owazyda çykaryp bolar. Ol diňeje sazanda we onuň duýgularyna bagly\"diýýär. Onuň işleýän kafesyna söýgüliler, ýada durmuş gurmak teklibini aýtjaklar barýan eken. Elbetde Dewid bu söýüşenler üçin söýgi sazlaryny çalýan bolmaly. Onuň ýüregi nähili heňlenýärkä? Muny diňe Dewidiň özi bilýär.
Men bir zada göz ýetirdim, biriniň ruhuny söýmek seni telbe, şahyr, hat-da sazanda hem edip bilýan eken. Esasysy özüňi elden bermezlik. Egerde Dewid özüni jogapsyz söýgüniň hasratlarynyň akymyna oklan bolsady, ol şuwagt nähili ýagdaýa düşerdi. Ol bu azaplara döz gelmegi başarypdyr
_Sunshine_
34
241
amanmyrat
24 Awgust 2023
@Sunshine lady, 👍🙂
amanmyrat
24 Awgust 2023
@Sunshine lady, seni ýakyndan tanaýan we seni gowy görýän adam bu ýagdaýa öwrenişer. Galanlarynyñ pikiri onçakly möhüm däl. Barybilen durmuşda hemmä özüňi soýdürip bilmeň.
kamil
24 Awgust 2023
Waow, ýene bir talant👍👏
wolf
24 Awgust 2023
Wauw 🔥
amanmyrat
24 Awgust 2023
@Sunshine lady, meň pikirimçe, adam diňe bir duýgy bilen ýaşamaly däl. Akylly adam samsyk, şadyýan, serýozny we ş.m. bolmaly arasynda. Yagny nähili ýaşasy gelýän bolsa, şeýle ýaşamaly. Sebäbi biz "Erkin jandarlar". "Adamlar näme pikir eder" diýip yaşasak, olaryň diýeni bilen hereket ederis we erkinligiň hem manysy galmaz.
ilam
24 Awgust 2023
Gaty gowy. Haladym
myrataly_
24 Awgust 2023
Awtory sizmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.