wepayewa_
24.08.2023 08:07

Ýöne bu mümkinmi näme?


Ol birsalym ymyzganyp oýananyndan soň, kakamy turzup, oňa düýşünde Galenderdäki köşgü-


mizi we jeňňellikleri, Bosfor bogazynyň suwlaryny görendigini gürrüň bererdi. Sähel salymlyk ukuda


şunça uzyn düýşi görmegi başarýan adamynyň kalbyny nähili gam-gussanyň basmarlaýandygy öz-


özünden düşnüklidi.


Meniň mamam harby ministrlige telim gezek ýüz tutup, uly başlyklaryň üstüne baryp gördi,


aglady, ýalbaryplar çykdy, emma onuň kakamy Stambula geçirmek baradaky aladalary hiç hili netije


bermedi.


Ejemiň keseli oslaman durkak beterledi oturyberdi. Kakam ony Stambula äkidermen boldy, bir


aý rugsat sorap, haýyşnama ýollady. Ahyry hem jogaba garaşyp durman, ýola düşdi.


Düýäniň üstündäki kejebä münüp, çöl söküşimiz şu günki ýaly ýadymda.


Beýruta ýetip, deňze gözümiz düşeninde, ejemiň haly ýeňlän ýaly boldy. Biz tanyşlarymyzyň-


kyda düşledik. Ejem meni sekide — ýanynda ýatyrdy, saçlarymy darady, kellesini döşümde goýdyda, kirli ellerime, ýeke iligi-de bolmadyk köýnejigime bakyp, aglady.


Iki günden soň onuň ýagdaýy gowulaşdy, ýerinden galmaga ragbaty çatdy, hatda sandykdan


täzeje köýnegini hem çykaryp, üst-başyna timar berdi. Agşam biz kakamyň öňünden çykmak üçin


aşak düşdük.


Kakam — yzgytsyz esger, agras, birneme wagşyýana adam hökmünde ýadymda galypdyr. Ýö-


ne ejemiň aýak üstüne galanyny göreninde onuň begenişini, ýaňy ýörjenýörjen bolan çaganyň ellerinden tutýan ýaly, ellerinden tutup aglaýşyny ömrylla ýadymdan çykarmaryn.


Bu başymyzyň jem bolup geçiren iň soňky gijämiz boldy. Ertesi güni görseler ejem açyk sandygyň ýanynda agzy ak köpürjikli demsiz-düýtsüz ýatan ekeni. Onuň kellesi içi egin-eşikli düwün-


çegiň üstünde ekeni.


Alty ýaşly çaganyň eýýäm köp zatdan başy çykmaly. Emma men hiç zady aňşyrmaýan ýaly,


ap-arkaýyndym.


Düşlän jaýymyzyň ýaşaýjylary köpdi, ýadyma düşýär, men her gün uly bagda oglanlar bilen


urşardym. Hüseýin bilen şäheriň köçelerinde, deňiz kenarlarynda gezim edişimiz, metjitleriň howlularyna girişimiz, olaryň gümmez şekilli gerişlerine syn edişimiz ýadymdan çykanok.


Ejemi ýat ýerde jaýladylar. Indi kakamyň Stambula gidip oturasy işi ýokdy. Onuň mamam bilen, köpsanly daýzalarym bilen duşuşasy gelmeýän ýalydy. Emma kakam meni olaryň ýanyna iberermen boldy. Megerem, ol uly gyz halyma esgerleriň arasynda ýaşamagyň onçakly gelşikli däldigine


düşünen bolarly.


***


Meni hyzmatkärimiz Hüseýin Stambula alyp gitdi. Kaşaň gämide, horaşaja geýnen arap esgeriniň gujagynda oturan gyzjagazy bir göz öňüne getirjek boluň. Daşyndan göräýmäge bu görnüş diýseň gözgyny, diýseň gülkünç görünýän bolmagam


mümkin. Ýöne başga biri bilen däl-de, Hüseýin bilen syýahat edýänime begenip, iki bolup bilemokdym.


Biziň ýaýlagymyz deňziň kenarynda ýerleşýärdi. Jaýyň ýeňse ýüzündäki tokaýlykda bolsa daş


howuz bardy. Howzuň boýunda gollary çigninden aýrylan ýalaňaç oglanjygyň heýkeli oturdylgydy.


Ilkinji gelen günlerimiz Gündür zeýden ýaňa garört bolan bu bedroý keşp maňa golak arap oglanjygy


bolup göründi.


Göwnüme bolmasa, o wagtlar güýzdi, çünki howzuň ýaşylymtyk suwy gyzyl ýapraklar bilen


örtülgidi. Siňesiňe seredip, onuň düýbünde altyn balyjaklaryň ýüzüp ýörenini gördüm. Men şobada


täzeje köwşüm hem-de mamamyň yhlas bilen ütüklän ýüpek köýnegi bilen howza bökdüm.


Tokaýlygyň içi bada-bat elhenç gykylyga gaplandy. Eýläme-beýläme garamaga ýetişmänkäm,


meni suwdan çekip çykardylar-da, gujaklaryna alyp, geýindirdiler. Olar maňa hem käýeýärdiler, hemem ýüzümdengözümden ogşaýardylar.


Bu gykylyklar, bu nalalar meni diýseň gorkuzdy, şonuň üçin gaýdyp howza girmedim, diňe


onuň gyralaryndaky çagyllykda ýüzin ýatyp, kellämi aşak sallamak bilen oňdum.


Günlerde bir gün howzuň gyrasynda balyjaklary synlap ýatyrdym. Arka ýanymdaky oturgyçda


mamam otyrdy, egninde hem mydam atynyp ýören gara ýaglygy bardy. Onuň ýanynda bolsa edil


namaz okap oturan ýaly, çöküne düşüp Hüseýin otyrdy. Olar mahal-mahal maňa tarap seredişip, bir


zatlar barada ýuwaşja gürleşýärdi. Megerem, türkçe gürleşýärdiler, çünki olaryň bir sözüne-de düşü-


nemokdym. Olaryň syrly gürleýişleri, syrly bakyşlary meni birneme howsala saldy. Men towşanjyk


ýaly gulaklarymy keýertdim, indi çeýnäp howza taşlan çöregimiň daşynda pelesaň urýan altyn balyjaklar hem gözüme ilmeýärdi. Men mamamyň we Hüseýiniň ýaşylymtyk suwuň ýüzüne düşýän keşplerine seredip ýatyrdym. Hüseýin ägirt uly ýaglygy bilen gözlerini süpürip, zol-zol maňa seredýärdi.


Käte çagalaryň ýaşyna bap gelmeýän duýgurlyk häsiýetleri bolýar. Men bolgusyz bir zadyň


bolup geçýändigini aňdym: meni Hüseýinden aýra saljak bolýardylar. Ýöne näme üçinkä?.. Ol wagtlar beýle inçeliklere düşünerden juda kiçijikdim. Emma bu aýralygyň öňüni almagyň edil Günüň ýaş-


masynyň, ýagşyň ýagmasynyň öňüni alyp bolmaýşy ýaly, mümkin däldigine düşünýärdim.


Şol gije duýdansyz oýanypdyryn. Meniň ýatalgajygym mamamyň ýatýan ýeriniň ýanyndady.


Başujymyzdaky gyzyl örtükli çyrajyk birden söndi-de, otagyň içine penjireden düşýän Aýyň ýagtysy


aralaşdy. Ukym gelenokdy. Meni çekip-çydardan çökder öýke duýgusy gysyp-gowrup barýardy. Tirsegime galyp, esli salymmamamy synladym. Onuň süýji ukuda ýatanlygyna göz ýetirdim. Seresaplyk


bilen ýatalgamdan düşdüm-de, daraklygyma basyp, otagdan çykdym.


Men birentek joram ýaly, gijelerine ýeke özüm daş çykmaga ýaýdanamokdym. Aşak düşüp gel-


ýärdim welin, aýagymyň astyndaky agaç basgançaklar jygyldap ugrady, ýüregim agzymdan çykara


gelip, derrew aýak çekdim we diňşirgäp durdum. Meniňki ýaly seresaplylyk uly adamlarda hem ýok


bolsa gerek.


Ahyrsoňy dälize çykdym, gapy gulply ekeni. Ýöne gapynyň ýanyndaky baga bakyp duran açyk


äpişgä gözüm düşäýdi. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde ondan çykyp, baga düşdüm.


Hüseýin bagyň aňrybaşynda bagbanyň garawulhanasynda ýatyrdy. Men ol ýere bakan ylgadym.


Ýatanymda geýýän ak köýnegimiň etegi aýaklaryma çolaşýardy. Garawulhana girip, Hüseýiniň ýatan


sekisine çykdym. Hüseýin berk ukudady. Men muny baryp Arabystanda(Arabystan ― Osman imperiýasynyň arap


welaýatlary.) ýaşaýarkak hem bilýärdim. Ertirlerine ony oýarmak uly hyllallady. Onuň gözlerini açdyrjak bolsaň, ata atlanan ýaly, döşüniň üstünde abşarylyp oturmalydy, jylawdan ýapyşýan ýaly, uzyn murtlaryndan ýapyşyp, üstesine-de, çirkin-çirkin gygyrmalydy.


Emma şol gije Hüseýini oýarmakdan çekindim. Ol oýanaýdygy öňküleri ýaly meni gujagynda


ýatyrmajakdygyny bilýärdim hem-de ähli ýalbarmalaryma garaman, göterip, mamamyň ýanyna eltjekdigine gözüm ýetýärdi.


Meniň bolsa bar arzuwym soňky gije onuň ýanynda bolmakdy.


Şu ýersiz hereketlerim barada heniz-henizlerem öýümizde gürrüň edýärdiler.


Daňdanlar mamam oýanypdyr-da, ýatalgamyň boş durandygyny görüpdir. Kempir tas dälirän


ekeni. Sanlyja salymyň içinde ol içerdäkileriň baryny aýaga galdyrypdyr... Çyralary, şemleri ýakyp,


baga, deňziň boýlaryna aýlanypdyrlar, üçegi, köçeleri, gaýyk saklanýan saraýy, howzuň düýbüni, aý,


garaz, bar ýeri dörüp çykypdyrlar. Goňşy ýerdäki ekin suwarylýan guýa hem çyra sallap görüpdirler...


Ahyrsoňy Hüseýin ýadyna düşüp, mamam bagbanyň garawulhanasyna okdurylypdyr hem-de


meni esgeriň boýnundan berk ýapyşyp ýatan ýagdaýda tapypdyr.


Aýrylyşan günümiz ýadymda berk galypdyr. Munuň özi duranja bir betbagtçylykdy. Häzir ony


ýatlanymda gülesim gelýär... Şol günki kiçelişim ýaly, ulularyň öňünde şol günki ýallaklaýşym ýaly,


ömrümde hiç haçan kemsinen däldirin. Hüseýin gapynyň ýanynda çök düşüp otyrdy we utanman uly


ili bilen aglaýardy. Onuň uzyn murtlarynyň üstünden gözýaşlar dynman syrykýardy. Bagdatda we


Siriýada arap gedaýlaryndan öwrenen dogalarymy dile getirip, men mamamyň we daýzalarymyň köý-


neginiň eteklerini ogşaýardym hem-de bizi aýra salmazlyklaryny haýyş edýärdim.



dowamy indiki postda

16
161
ddddd
24 Awgust 2023
Dowamyna garasyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.