Kakam şol wagtlar Mosulda gulluk edýän eken. Menem iki ýarym ýaş töwereklerinde ekenim.
Tomus jöwzaly bolansoň, şäherde galmak gaty kyn bolupdyr. Kakam her gün ir bilen atyna atlanyp,
Mosula gidip, agşam Gün ýaşanyndan soň bolsa gaýdyp gelýän ekeni.
Ejem agyr hassa bolansoň, maňa idi-yssuwat edip bilmändir. Esli wagtlap ugruma sereden bolmandyr, men ertirden agşama çenli wagtymy boş otaglarda emedekläp geçiripdirin. Ahyrsoňy goňşy obadan Patma atly hossarsyz bir aýaly tapypdyrlar. Patmanyň golaýda oguljygy ýogalan eken. Ol aýal
meni öz göwsünden emdirip, ene söýgüsiniň näzik mähirini maňa siňdiripdir.
Men bu sähraýy ülkäniň ähli çagalary ýaly ösüp-ulalypdyryn. Patma edil çuwal baglan ýaly
meni arkasyna daňyp, Günüň astynda gezdiripdir, hurma agaçlarynyň depesine alyp çykypdyr.
Şol wagtlar biziň oba göçüp gelen döwrümiz eken. Patma her gün ir bilen iýer-içer ýaly zat alyp,
meniň bilen tokaýa gider eken we eşiklerimi çykaryp, suwda oturdar ekeni. Biz agşama çenli şol
ýerde bolupdyrys, suwa düşüpdiris, aýdym aýdypdyrys, oduk-buduk garbanypdyrys. Ukymyz gelende gum üýşürip, ýassyk edinipdiris we biri-birimize gysmyljyraşyp, gujaklaşyp uka gidipdiris. Şonda
biziň göwrämiz suwda, kellelerimiz bolsa daşynda galypdyr.
Suwuň içinde oýnamaga şeýlebir öwrenişipdirin welin, Mosula gaýdyp gelenimizde özümi de-
ňizden jyda düşürilen balyk ýaly duýýardym. Hemişe birsyhly hötjetlik edip, pursat tapdygym eşiklerimi çykarýardymda, ýalaňaç halda köçä çykardym. Patmanyň ýüzi we elleri sanjylyp çekilen suratlar bilen bezelgidi. Muňa halys öwrenişenim sebäpli, suratsyz ýüzler maňa bedroý bolup görün-
ýärdi. Meniň ilkinji hasratym Patma bilen aýrylyşmagym sebäpli boldy. Şäherden şähere göçüp ýör-
şümize biz ahyrsoňy Kerbela ýetdik. Dört ýaşym dolupdy. Şol ýaşda adam eýýäm ähli zada düşünip
başlaýar eken...
Patmanyň bagty açylyp, durmuşa çykdy. Onuň ýene täze gelin bolşy şu günki ýaly ýadymda:
ýüzlerinde Patmanyňky ýaly sanjylyp çekilen suratlar bar bolansoň, juda owadan görünýän aýallar
meni gujakdan gujaga geçirip, ahyrsoňy Patmanyň ýanynda oturtdylar. Ortada goýlan uly tegelek
mejimelerdäki tagamlary alyp iýişimiz şu günki ýaly ýadymda. Depleriň sesinden, suw küýzesi ýaly
mis depreklerden çykýan gümmürdiden ýaňa kelläm güwläp durdy. Ahyrsoňy ýadawlyk öz emrini
ýöredip, enekämiň dyzynda uklap galypdyryn.
Ogly Hüseýin Kerbelada şehit bolanda Fatima enemiziň diri bolandygyny-bolmandygyny-ha
bilemok, ýöne betbagt ene şol elhenç güne çenli ýaşan bolsa, onuň çeken ahy-zary toý gününiň ertesi
nätanyş aýalyň gujagynda oýananymda çeken ahy-nalamyň ýanynda hiç zat bolsa gerek.
Gepiň keltesi, şunuň ýaly elhenç hasraty Kerbela düýbi tutulaly bäri görmedimikä diýýärin.
Aglamakdan ýaňa sesim gyrlyp gidensoň, uly adamlar ýaly, açlyk yglan etdim.
Ençeme aý geçeninden soň, Hüseýin diýen atly goşun esgeri enekäm baradaky gussamy köşeş-
dirmäge kömek etdi. Ol okuw-türgenleşik wagty atdan ýykylyp, maýyp bolupdy. Kakam ony öz ýanyna günlükçi edip aldy.
Hüseýin täsin adamdy. Ol maňa gaty bahym öwrenişdi, ýöne başda ondan hötjetlik bilen ýüz
öwürýärdim. Onuň bilen Patma bilen ýatyşym ýaly gujaklaşyp ýatamokdym, emma her gün säher
horaz gygyrdygy, ýerimden syçrap turardym-da, Hüseýiniň otagyna kürsäp girerdim, kükreginiň üstüne atlanyp, barmaklarym bilen gabaklaryny açardym.
Öňler Patma meni baga aýlaýardy. Indi bolsa Hüseýin meni kazarmadaky esgerleriň ýanyna
äkidýärdi. Bu äpet, uzyn murtly adamyň dürli oýunlary oýlap tapmakda täsin ukyby we zehini bardy.
Bu oýunlaryň ähli lezzeti hem olaryň gaty gorkuly başdan geçirme häsiýetde bolanlygyndan ybaratdy,
olary her gezek oýnanyňda gorkudan ýaňa ýüregiň agzyňdan çykara gelerdi. Mysal üçin, Hüseýin
meni rezin pökgüjik ýaly edip, ýokaryk bökdürerdi, soňam ýere ýetip barýarkam gapyp alardy ýa-da
telpeginiň üstünde oturdardy we aýaklarymy gujaklap bökerdi, soňra bolsa bir duran ýerinde durup
pyrlanardy. Meniň saçlarym hüžžerip, gözlerim ümezläp giderdi, demim demime ýetmän, çirkin-çirkin gygyrardym hem-de mundan uly lezzet alardym. Beýle-beýle lezzetlere soň ömrümde hiç haçan
gabat gelmedim!.. Elbetde, şowsuzlyklar hem bolman duranokdy. Ýöne Hüseýin bilen oýun oýnaýarkak, maňa bir
zat bolaýsa, aglamazlygym we özi barada hiç kime arz etmezligim hakynda berk wadalaşypdyk. Men
uly gyz hökmünde syr saklamany öwrenipdim. Gep meniň dogruçyllygymda däldi. Diňe Hüseýin
özüm bilen oýnamasyny bes eder öýdüp gorkýardym.
Çagakam maňa gopbamja diýýärdiler. Megerem, bu hakykata dogry gelýän bolsa gerek. Çagalar bilen oýnanymda hemişe kimdir biriniň göwnüne degýärdim, ony aglatman goýamokdym. Ähtimal, bu Hüseýiniň öwreden oýunlarynyň netijesi bolsa gerek. Hüseýinden ýene bir gylyk öwrenipdim: kyn pursatlarda ruhdan düşmän, kynçylyklary gülüp kabul etmelidim. Ol saz çaldyrardy-da, meni kellesiniň üstünde küýze ýaly oturdyp, täsin tanslar ederdi.
Biziň «at ogurlamak» bilen meşgullanan wagtlarymyz hem boldy. Kakamyň ýok wagty ol
athanadan bildirmän at alyp çykardy, meni gujagynda oturdardy-da, telim sagatlap meýdanda gezdirerdi. Emma biziň oýunlarymyz uzaga çekmedi. Anyk bir zady aýdyb-a biljek däl, ýöne bizi kakama
aşpez ýamanlan bolaýmasa. Hüseýin görgüli iki ýola şapbat iýensoň, gaýdyp ýabynyň ýanyna barmaga milt etmedi.
Aýdyşlaryna görä, hakyky dostluk gyk-baksyz bolmaýar diýýärler. Biz Hüseýin bilen günüň
dowamynda bäş gezek dagy sögüşýärdik. Meniň özboluşly gatyrganmak häsiýetim bardy. Otagyň bir
çüňküne geçerdim-de, diwara tarap sereder oturardym. Hüseýin ilki-ilkiler maňa üns bermedik bolardy,soňam nebsi agyryp, ýerimden galdyrardy-da, tä çirkin gygyrýançam ýokaryk bökdürerdi. Men
esli salym Hüseýiniň gujagynda eljiränimden soň, ahyry onuň dulugyndan öpmäge razy bolardym.
Şeýdibem, biz ýaraşardyk.
Hüseýin ikimiziň dostlugymyz iki ýyllap dowam etdi. Ýöne ol ýyllar beýleki ýyllara düýbünden
meňzemeýärdi. Olar şeýlebir uzyn, şeýlebir tükeniksizdi!..
***
Çagalygymy ýatlanymda hemişe Patma bilen Hüseýin barada gürleýänim aýyp görünýän bolmagam mümkin..
Kakam atly goşunyň serkerdesidi. Adyna-da Nizametdin diýýärdiler. Ejeme öýleneninden soň,
bahym ony Diýarbekire(Türkiýäniň bir şäheri; Mosul, Bagdat, Kerbela — Yragyň şäherleri, bu şäherler Birinji Jahan urşundan öň Osman
döwletiniň düzümine girýärdi.) geçiripdiler. Biz Stambuldan çykanymyzdan soň, gaýdyp ol ýere dolanmadyk.
Soň kakamy Diýarbekirden Mosula, Mosuldan Hanykyna, ol ýerdenem Bagdada, Kerbela geçiripdiler. Biz bu şäherleriň hiç birinde bir ýyldan artyk ýaşamadyk.
Hemmeler meni ejeme meňzeş hasap edýärdi. Kakam bilen ejemiň toýdan bir ýyl geçensoň
aldyran suratlary bar. Dogrudan hem, men onuň agyn özi. Ýöne ejem görgüliniň saglygy meniňki
ýaly däl eken. Dogabitdi näsag bolansoň, ol dag howasyna, çölüň jöwzasyna öwrenişip bilmeýärdi,
üznüksiz göçüp-gonmalara juda kynlyk bilen döz gelýärdi. Mundan başga-da ol, göwnüme bolmasa,
agyr kesellidi. Ejem bütin ömrüniň dowamynda şol keselini gizläp gezipdi. Nätjek-dä, ol kakamy juda
gowy görýärdi we ondan zorluk bilen jyda düşürerlerinden eýmenýärdi.
Kakamy birsyhly Stambuldan barha we barha daşa geçirýärdiler. Ol her gezek ýola düşmeziniň
öň ýany ejeme:
― Gel, seni bir möwsümlik, hiç bolmanda iki aýlyk ejeň ýanyna äkideýin. Garry görgüli... belki,
seni juda göresi gelýändir ― diýerdi.
Ejem bolsa gaharlanypEýsem, biz şeý diýip şertleşdikmi? Biz Stambula bileje gaýdyp baraly diýipdik ahyryn! ―
diýip gatyrganýardy.
Gürrüň onuň keseline syryganynda bolsa, ejem dergazap bolup:
― Az-kem ýadawrak bolaýmasam, agyrýan ýerim ýok. Howa üýtgedi, şonuň üçindir-dä... Aý,
geçer-le ― diýerdi.
Ol Stambuly göresiniň gelýänini kakamdan gizlejek bolýardy.
dowamy indiki postda