Reşat Nuri Güntekiniň «Saýrak guş» romany 1922-nji ýylda çap edilip, ýazyja dessine şöhrat
getiripdir. Bu roman häzir hem dünýäniň birnäçe ýurtlarynda söýlüp okalýan eserleriň biridir.
Romanyň şeýle şöhrat gazanmagynda 1986-njy ýylda düşürilen ýedi bölümli çeper filmiň hem
ähmiýeti uludyr.
Eserde Feride atly ýaş mugallyma hakda gürrüň berilýär. Onuň başdan geçiren
kynçylyklarynyň üsti bilen ýazyjy Osman döwletiniň soňky ýyllaryndaky durmuşyny, halkyň hal-
ýagdaýyny ussatlyk bilen suratlandyrýar, jemgyýetiň nogsanlyklaryny açyp görkezýär. Zenanyň
jemgyýetdäki orny eseriň baş mowzugydyr.
Roman iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, ispan we başga-da birnäçe dillere terjime edilip,
dünýä edebiýatynyň nusgawy eserine öwrüldi. Bu gün ol iň belli türk romanlarynyň biri
hasaplanylýar.
Birinji bölüm
B..., sentýabr, 19... ý.
Men dördünji synpda okaýardym. Ýaşymam on iki töweregidi. Fransuz dili mugallymamyz
Aleksi hanym bir gezek bize bir ýumuş tabşyrdy:
― Özüňizde çagalykdan galan täsirleriň ilkinjilerini beýan etjek bolup görüň. Göreliň, nämeler
ýadyňyza düşýärkä?.. Munuň özi siziň huşuňyz üçin gowy maşk bolar.
Men özümi bilelim bäri örän garagoldym, ýaňradym. Şonuň üçin hem meniň bezzatlyklarymdan bez bolan terbiýeçiler bir gün meni ýoldaşlarymdan aýryp, çetdäki bir adamlyk parta geçirdiler
oturyberdiler.
Müdirimiz bolsa:
— Köp geplemäňi we joralaryňa päsgel bermäňi bes edinçäň, sapak wagty özüňi idili alyp barmany öwreninçäň, sen şu ýerde — sürgünde ýeke özüň oturmaly bolarsyň ― diýdiMeniň sag tarapymda jaýyň ýokarsyna çenli uzalyp gidýän agaç sütün bardy. Ony agras, dymma, şilliň, uzyn bir kişä meňzetmek boljakdy, hernäçe jan etseňde, ony sabyr-takatdan düşürip bolanokdy. Men çakgymyň ujy bilen onuň dumly-duşuny çyzym-çyzym edip çyksam-da, ol bularyň baryna döz gelýärdi.
Beýleki tarapymda tagta gapylary hiç haçan açylmaýan uzyn bir penjire bardy. Göwnüme bolmasa, ol penjire keşişhana terbiýesiniň berlişi ýaly, ýörite bir salkynlyk we içgysgynç alagaraňkylyk
döretmek üçin goýlan ýalydy. Men möhüm bir açyş etdim. Döşüňi parta diräp, kelläňi çala galdyrdygyň, penjiräniň gapysynyň yşlaryndan gögüň bir bölejigini, gök akasiýanyň şahajygyny, ýalňyz oturan penjiräni we eýwanyň gözenegini görse bolýardy.
Gepiň keltesi, bu görnüş onçakly göwünden turýan zat däldi. Penjire-hä hiç haçan açylmaýardy,
eýwanyň gözeneginde bolsa hemişe diýen ýaly kiçijik çaga düşekçesi bilen ýorgany asylgy durardy.
Ýöne men muňada şükür edýärdim.
Sapak wagty men kellämi gowşurylgy gollarymyň üstüne goýup oturýardym, meniň bu otury-
şym mugallymlaryň göwnünden turýardy, penjiräniň gözeneklerinden görünýän hakyky mawy asmana seredenimde bolsa, olar meni düzelip başlandyr öýdüp, öňkülerinden hem beter begenýärdiler.
Şeýdip, terbiýeçilerimi aldaýanlygyma, arymy alýandygyma monça bolýardym. Göwnüme bolmasa,
olar bizden penjiräniň aňyrsyndaky durmuşy ýaşyrýan ýalydy...
Işi nähili ýazmalydygyny düşündireninden soň, Aleksi bajy bizi öz erkimize goýberdi.
Birinji hatarda oturýan, synpyň bezegi hasap edilýän gyzlar şobada işe girişdi. Men olaryň
ýanynda oturamokdym, eginleriniň üstünden depderlerine-de seredemokdym, ýöne näme ýazýandyklaryny bilýärdim. Ol şeýleräk manydaky goşgy äheňinde ýazylan toslamady:
«Durmuşda ilkinji ýat beklän zadym, ol hem mähriban ejem janyň kiçijik ýatyş sekimiň üstünden mähirdir söýgi bilen maňa bakýan asman reňkli mawuja gözleridi, onuň zülplerem altynsowdy...»
Aslynda, eje görgülilerde altynsow we mawy reňkler bolman, beýleki reňkleriň bolmagy hem
mümkin, emma bu iki reňk soeurs gyzlary bolan biz üçin hökmany reňklerdi hem-de kadady.
Özüm barada aýdylanda bolsa, men üýtgeşik çagadym. Men ejemden juda ir galdym. Ol çala
ýadyma düşýär, ýöne bir zat welin hakydamdan çykanok, onuň altyn öwüsýän saçlary, asman reňkli
mawy gözleri ýokdy. Hakydamda galan ejemiň keşbini başga keşp bilen çalşyrmaga meni dünýäde
mejbur edip biljek güýç ýokdy.
***
Men kelläme agram salyp oturdym. Näme hakda ýazsamkam? Merýem enäniň diwardaky suratynyň aşagynda asylgy duran jykgyldaýan sagat dynman işleýärdi, meniň bolsa şol oturyşymdy. Kellämdäki talasy çözüp, saçlarymy düzedişdirdim, olary gözlerime düşer ýaly edip goýberdim. Bir elim
bilenem galamymy agzyma saldym-da, çeýneşdirip kül owram etdim...
Pelsepeçileriň, şahyrlaryň bir zat ýazanlarynda burnuny gaşamak, ellerini alkymlaryna diremek
endikleriniň bardygyny eşidýärdim. Galamy dişlemek we saçlarymy gözlerimiň üstünden goýbermek
hem çuňňur oýa batanlygymyň alamaty bolsa gerek. Bagtyma, beýle ýagdaýlar seýrek duş gelýärdi.
Bagtyma diýýänmi?.. Hawa! Ýogsam biziň rowaýatlarymyzdaky meşhur Çarşenbe-karysy we
Ojak enesi ýaly hekaýalaram çöşlemesi kyn ýumaga meňzärdiÝyllar geçdi... Ynha, indi men ýat bir şäherde, ýat bir myhmanhanada ýeke özüm oturyp, ýadyma düşen zatlaryň baryny gündeligime ýazyşdyrýardym. Ýazýanlygymyň sebäbi hem bäri-bärlerde
tamamlanmajak gijäni birneme gysgaltmak üçindi!.. Ýene-de çagalykda edişim ýaly, saçlarymy se-
çelendirip, gözlerimiň üstünden goýberdim.
Bu endik nireden peýda bolduka? Göwnüme bolmasa, men kiçijikkäm juda geleňsiz, juda ýe-
ňilkelle, durmuşyň ähli hadysalaryna lükgeligi bilen uýup, takdyra ten beren çaga meňzeýän. Soňra
bolsa maňa lapykeçlik aralaşan bolarly, şol sebäpli-de, öz içki dünýäm bilen gümra bolmak üçin saç-
larymdan perde ýasanyp, dünýäden üzňe bolmak isleýän bolsam gerek.
Çişligiň syhy ýaly edip, galam çeýnemek endiginiň mende haçan dörändigi, dogrymy aýtsam
ýadyma düşenokdy. Men diňe bir zady bilýärin, syýa zerarly dodaklarym hemişe melewşe öwser
durardy. Mekdepdekäm (men o wagtlar eýýäm uly gyzdym) meni nätanyş adamyň ýanyna alyp bardylar. Ol adamynyň murtlary syh-syh bolup durdy. Onuň näme üçin gelenini aýdanlarynda men utanjymdan ýaňa ýere girip bilmedim.
Men nämäni gürrüň berip otyrdymkam?.. Hawa... Aleksi hanym ýazuw sapagynda «Ilkinji ýatlamalarym» diýen mowzukdan beýannama ýazmagy tabşyrypdy. Hernäçe jan etsem-de, diňe: «Men
balyk kimin kölde doglan bolmaly... Ejem çala ýadymda... Kakamam, hyzmatçymyz Hüseýinem ýadymda... Köçede yzymdan kowalan keltaýak gara köpek hem ýadymda... Bir gezek sebetden üzüm
ogurlanym, şonda arynyň barmagymdan çakany hem ýadymda... Gözüm agyryp, oňa gyzyl derman
damdyryşlary hem ýadymda... Sarpaly hyzmatçymyz Hüseýin bilen Stambula barşymyz hem ýadymda... Başga-da köp zatlar ýadyma düşýär... Ýöne bularyň hiç biri-de ilkinji ýatlamalarym däldi. Bular
has soň bolup geçipdi.
Ýadyma düşýär, men birwagtlar söýgüli kölümde suwa düşerdim. Kölüň uç-gyrasy ýokdy, ol
deňze meňzeýärdi. Onuň içinde iri-iri ýapraklar ýüzer ýörerdi, dört tarapy bolsa agaçlar bilen gurşalgydy... Siz ýüzi ýaprakdan doly, çar tarapy agaç bolup duran köl nädip deňze meňzeýär? ― diýip
geňirgenersiňiz. Walla çynym, ýalan sözlämok, bu ýagdaýa siz ýaly özümem geňirgenmän duramok... Emma bu şeýle-dä... Etjek alajyň ýok...» diýip ýazdym.
Soň synpda düzmämi okanlarynda gyzlaryň bary maňa tarap öwrülip, hezil edip gülüşdiler.
Aleksi hanym görgüli olaryň gülkülerini zordan goýduryp, ümsümligi kynlyk bilen ýola goýupdy.
***
Onuň gözuňi gamaşdyryp barýan ýakasy ak gara paltosy aýal pürenjegini ýada salýardy. Egerde şu mahal naryň gülüni ýadyňa salýan gyrmyzy dodakly Aleksi hanym öňümden çykaga-da, öňki
soragyny berse, megerem, şol fransuz dili sapagynda beren jogabymdan başga jogap berip bilmezmikäm diýýän, ýene-de — balyk ýaly kölde dogulypdyryn diýerdim.
Soň-soňlar ondan-mundan eşidişime görä, meniň diýýän kölüm Mosulyň töweregindäki ady
ýadymda durmaýan kiçijik obanyň ýanynda eken. Meniň bu uçgyraksyz hasap edýän kölüm hem
gurap barýan derýanyň gapdalyndaky daş-töweregi birnäçe agaçly ýata suw ekeni.
dowamy indiki postda