Ýygy-ýygydan öýüne gelip dilegçilik edýän zenandan halys iren öý bikesi,bir gün ýene şol dilegçi gapysyny kakanda,ondan gutarnykly dynmagy ýüregini düwýär.Dilegçiden,gapyda azajyk garaşmagyny haýyş edip,aşhana girýär,bir çörek alyp,ortasyny pyçak bilen ýaryp,arasyna peýnir,zeýtun ýerleşdirýär.Elbetde,bu aralykda,mör-möjek gyrmak üçin ulanylýan güýçli zäherden goşmagy-da unutmaýar.Daşary çykyp çöregi dilegçä uzadanda,dilegçi zenan\"Alladan gaýtsyn\"-diýip,müñ bir alkyş okap,öz ýoluna gidýär.Açlykdan halys surnugan zenan,uly ýoluñ gyrasyndan akyan ýapjagazyñ boýundaky agaçlardan biriniñ kölegesinde dyz epip,özüne berlen çöregi çykaryp iýjek wagty,beýleräginde el-ýüzüni ýuwup oturan bir esgeriñ,elindäki çörege hantamalyk bilen seredýändigini görýär.Esgeriñ daşky keşbinden uzak ýoldan gelýändigi we ýadawdygy bildirip durdy.Dilegçi zenan esgeriñ\"Maña-da birazajyk beräý-dä?\"diýýän ýaly ýuwdunyp seredişinden onuñ hem açdygyna düşünipdi.Ýigide haýpy gelen zenan, elindäki çöregini şol durşuna eltip,esgere berýär we ýene aç ýagdaýda ol ýerden turup gitmeli bolýar.Dilegçi zenanyñ beren çöregini iýen esger,köp wagt geçmänkä garnynda dörän sanjynyñ agyrysyna çydap bilmän, towlanmaga başlaýar.Ýoldan geçip barýanlar ony görüp,kimiñ nämesidigini anyklandan soñra,öýüne eltýärler.Niçeme aýlap müñ bir umyt bilen oglunyñ gulluk borjuny tamamlap geljek gününe garaşan öý bikesi,birdenkä ony beýle agyr ýagdaýda görüp,ene maral kibi çar ýana urnup,bozlamaga başlaýar.Ýöne derrew özüni dürsemegi başaran ene,ogluna näme bolandygyny,näme üçin towlanýandygyny sorap,sebäbini bilmäge çalyşýar.Ýaş ýigit,az salym ozal ýoluñ gyrasyndaky ýapjagazyñ boýunda bir dilegçi zenanyñ beren çöregini iýendigini,şondan soñra garnynda güýçli sanjynyñ başlandygyny aýdanda,öý bikesiniñ birdenkä dilegçä beren zäherli çöregi ýadyna düşýär we üstünden gaýnag suw dökülen ýaly bolýar.\"Men näme etdim?\"diýip urunmaga başlaýar.Emma indi giçdi,boljagy bolup,boýasy synypdy.Çynar ýaly ýigit şol ýerde,enesiniñ gollarynda,ömrüniñ baharynda müdimilik gözüni ýumupdy.