https://owrenmeli.app/47325-bokurdakly-gyz.html#comment
garlawac
20.08.2023 19:02
Gök eýwana çykdyň ak jaýdan parlap,
Gaşy gylyç, göreçleri okly gyz.
Bakdyň welin, duşaklandy aýagym,
Bu nätdigiň boldy, bokurdakly gyz?
Ulaldyp aýdamok, çykamok çenden,
Ýasalana-a dälsin zybrygyn tokdan?
Ýa-da şu durşuňa indiňmi gökden,
Nirden aldyň bu syraty, şekli gyz ?
Birdem ýalkym atdy çägesow köçe,
Gitdiň. Boşap galdy eýwanyň içi.
Topukdan ýokarda tans edýän saçy,
Sypamaga kim bolarka hakly gyz ?
- O gyz kim?
Diýdiler : ,,Geljekki wraç\\\"
Başym ýaýkap galdym, ýok başga alaç,
Men-ä ir dogulýan, senem juda giç -
Bolýan işe seret, al ýaňakly gyz ?!
Bolsaňam biz üçin näçe elýetmez,
Gumsalt köçe bilen gögümtil atlaz,
Indi, ömür boýy gözümden gitmez
Derek boý, giň maňlaý, giň gursakly gyz!
B.Hudaýnazarow
27
118