Bir gezek bir topar gurbagalar ýolda gidip barýar eken, soň ýolda ullakan çukur bar ekeni, gurbagalardan 3 si şol çukura gaçýarlar, soň olar çykmak üçin näçe jan etsede çykyp bilmeýärler, ahyry beýleki gurbagalar çykyp bilmejeklerine gözü ýetenden, olara sizler çykyp bilmeýäňiz diýip göwnüni düşüriji sözler aýdýarlar... we gurbagalardan 2si umudyny üzýär, men bu çukurdan çykyp bilmerin diýen netijä barýar, birsalymdan bir gurbaga bar güýji bilen ýene bökýär welin, çukurdan çykyp gidýär, (aslynda ol ker eken, beýlekileriň aýdanlaryny eşitmändir)...NETIJE:kim näme diýsede, öz maksadyndan el çekmeli däl... Kä ýerlerde kör bolmaly
Kä ýerlerde ker bolmaly!!!