Bitter
19.08.2023 23:13
\"Deñeşdirme\"

Gözlegler, gündelik pikirlerimiziň ortaça 12% -iniň özümizi beýleki adamlar bilen deňeşdirmäge synanyşmak bilen baglanşyklydygyny görkezýär.


Deňeşdirmegiň köp ýaramaz netijeleri bar. Ine, olaryň käbiri:


● Onuň bedene täsiri fiziki agyrylara meňzeýär. Hakykatdanam, sosial agyrylary başdan geçirýäris (mysal üçin,özümizi beýlekiler bilen deñeşdirip pes tarap bolanymyzda), ýakymsyz beden duýgularyny duýýarys we başdan geçirýäris.


● Köplenç \"deňeşdirme\" deñeşdirme obýektimize duşmançylyk duýgusyny döredýär.


● Özümizi beýlekiler bilen näçe köp deňeşdirenimizde, ýeterlik derejede gowy däldigimizi aýdýan hekaýa köpelýär. Bu toslama bolsa-da, gaty ýerlikli bolup görünýär, bu bolsa öz-özümize bolan hormatymyzy pese gaçyrýar.


● Özümizi beýlekiler bilen deňeşdirenimizde, öz maksatlarymyzy we \"ýolumyzy\" ýatdan çykarýarys. Öz durmuşymyz hakda däl-de deňeşdirme obýektine nädip meňzejekdigimiz hakda has köp alada edýäris.


● Işi näçe gowy ýerine ýetirenimizde-de,näme gazananymyzda-da deňeşdirme sebäpli başgalaryň has köp zat gazanandyklaryna ynanç döreýär we öz gazananlarymyzy pes bahalandyrmaga, ähmiýetsiz we ýeterlik däl hasaplamaga sebäp bolýar.


● Deňeşdirme bizi goranmaga, bahana gözlemäge ,hakykaty üýtgetmäge, ýalan sözlemäge ,beýleki adamlaryñ \"derejesine\" ymtylmaga mejbur edýär.


\"Как сравнение с другими разрушает нас\" , çeşme : psychologies.ru
22
86
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.