lord
18.08.2023 22:43
Haýry näme aýdylmadyk sözleriň,
Ahyr - soňda adam için dökmelä,
Şonuň üçin şygyr ýazýan sen hakda,
Käbir sözler menziline ýetmelä.

Birazajyk çekinjeňräk diýmeseň,
Ýogsa sözler göwünlere azyk-la.
Pespäl hemem sada göwniň bardygny.
Bir eýýämler setirleňden aňdym-la.

,,Degişdim-de" diýen bolup käteler,
Ýogam-a däl ýalanjykdan gülmäňem.
Belki meniň göwnümedir bilmedim,
Soňky wagt köpeldi maňa degmäňem.

Durmuş-da bu, hopuganyňda munda
Ýetişýänler galam bilen depderä.
Ganatlaryn galgatmany uçýar ol
Özüň beled-ä wagt atly kepderä

Täze bir sahypa açylýar saňa
Çünki borjuň Kasam kabul etmeli.
Bilýän hasam galkynjagyny ruhyň
Bolaňda Watanyň şahyr esgeri

Enemähri Guwanowa
23
270
Miss_Minnosh❤️
19 Awgust 2023
Hic gelmedi yzyna😔
arzuvym_talyp
18 Awgust 2023
👍👏
lord
18 Awgust 2023
Şonda-da borç hökman edilmeli zat-da, öňde-soňda..
lord
18 Awgust 2023
Ejeke, menem borjumy ýerine yetirmeli wagty geldi☺... serwi, halypasy kimka?
lord
18 Awgust 2023
Awtory gelmezmikä?😇🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.