orazow96
17.08.2023 21:01

Aglap dünýä gelýas Beýik hudaýym,

Soñunda gülmekden binesip etme,

Köñül berip söýen söýgüli ýaryn,

gujagyna dolmakdan bi nesip etme.


Söýgüdir ynsanlaň kalbyny dilen,

Bilbilsiz saralyp süllerer gülem,

Deňi duş dost ýarlam goňşular bilen,

Baryşyp gelmekden binesip etme.


Güýçlidir gussasyn bildirmän ýeňýän,

Mümkin kän bilýändir köpüräk dymýan,

Garaz kim bolsada gojaman dünýäň,

Lezzetin almakdan binesip etme.


Baş bolup halaldan guran öýüňe,

Gatnaşyp il günüň ýasy-toýuna,

Guwanyplar perzentleriň boýuna,

Bagtly bolmakdan binesip etme.


Bu durmuşda adam her dürli pälde,

Asla azaşmasyn ötegçi ýolda,

Gynanyp, syrkawlap, ejizläp dälde,

Mertlerçe ölmekden binesip etme.


Ömür bize berlen ötegçi owaz,

Mydam dowam eder güýz tomus gyş ýaz,

Munda joşup durka şahyr Maksatjan,

Ylhamy gelmekden binesip etme

36
100
arzuvym_talyp
18 Awgust 2023
@orazow96, bolýa zyýany yok
milasxka
18 Awgust 2023
@orazow96, 👍🏻
milasxka
18 Awgust 2023
Gowy gosgy
orazow96
18 Awgust 2023
@arzuvym_talyp, owtoruny goymak yada dushmandir indi nesip bolsa goyaryn
arzuvym_talyp
18 Awgust 2023
@orazow96, bildimem sholdygyny bolýa 👍
orazow96
18 Awgust 2023
@arzuvym_talyp, Berdinazar hudaynarow
arzuvym_talyp
18 Awgust 2023
Avtory kim?
orazow96
17 Awgust 2023
@owadanym, 🌹🌹🌹🖐️🖐️🖐️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.