a_e_r
17.08.2023 14:05

Telefon bolmak islärdim


Ilki çykanda Ýaponiýada ünsden düşmedik bir hekaýa bar. Bu hekaýa adamlara şeýle bir täsir etdi welin, sosial mediýada adamlaryň arasynda iň ýokary paýlaşma derejesinede ýetdi. Kimiň ýazandygyny nämalim bolan bu hekaýa, häzirki maşgala gatnaşyklaryny we çaga psihologiýasyny bize aýdyň görkezýär. Dünýäniň köp web sahypalarynda çap edilen bu hekaýany men hem siziň bilen paýlaşmak isledim.


Är-aýal agşamlyk naharyny gutaransoň, ýadawlyk bilen otaga girýärler. Aýal başlangyç synp mugallymy. Okuwçylaryna 'näme bolmak isleýärsiňiz' atly düzme tabşyrygynyň bahalaryny bermek üçin stoluň başyna geçýär. Adamsy jübi telefonyny alyp, oturgyçda oturýar. Ahyrynda, ýadaw günden soň dynç almaga mümkinçilik tapdy.


Aýal ähli düzmeleri bahalandyryp, işiniň gutarandygyny pikir edip ýörkä, bir tabşyrygy sypdyrandygyny bilýär we baha bermek üçin okap başlaýar. Düzme aşakdaky ýaly dowam edýär: “Meniň islegim akylly telefon bolmak. Ine, meniň isleýän zadym, sebäbi ejem bilen kakam telefonlaryny hakykatdanam gowy görýärler. Ejem bilen kakam diňe telefonlaryna üns berýärler, käwagt hatda meni hem ýatdan çykarýarlar. Ejem bilen kakam işden ýadawlyk bilen öýlerine gelenlerinde, wagtlaryny meniň bilen däl-de, telefonlarynda geçirýärler. Möhüm iş bilen meşgul bolsalar-da, telefonlary jyňňyrdasa, derrew jogap bererler, ýöne men aglasam-da, meniň üçin beýle etmezdiler ... Ejem bilen kakam meniň bilen däl-de, jübi telefonlarynda oýun oýnaýarlar. Telefonda gürleşip otyrka, tolgunmak bilen olaryň ýanyna baryp, bir zatlar paýlaşmak islesem, derrew meni dymdyrarlar we ibererler. Şonuň üçin jübi telefony bolmak islegim. Sebäbi diňe şondan soň meni telefonlary ýaly söýerler.'' Aýal gözýaş bilen düzmäni okaýar. Adamsy meseläniň nämedigini soraýar, aýal öý işini adamsyna berýär. Çalt okandan soň, adam bu ýazgyny haýsy bagtsyz okuwçynyň ýazandygyny soraýar. Diňe şondan soň aýal bu goşmaça öý işiniň nireden gelendigini bilýär. Aýal: "Ol düzmäni ýazan okuwçylarymdan däl,muny oglumyz ýazypdyr ahyry"...

68
464
dfrt
22 Awgust 2023
😭😭😭😭😭😥😢😥😭😥😢😭😢😭😥
piri
20 Awgust 2023
Dogry ýazypdyr ýöne telefon ulularyň Dal çagalaryň hem aklyny aldy telefony ulanmaly ýöne ünsini gaty şoňa bermeli däl maşgalany däl başgada köp zatdan goýýar
9404
20 Awgust 2023
🥺🥺🥺
kizi
18 Awgust 2023
Dogry welin bu waka her maşgalada üytgeşik bolyada
0913
18 Awgust 2023
Gowy hekaýa ýöne her maşgalada üýtgeşik bolup käsin de çaga tele bagly käbirinde bolsa ene ata
sadadurmusum
18 Awgust 2023
👌👍
oras
18 Awgust 2023
Gaty gowy hekaya hakykam
inte
18 Awgust 2023
Hakyky hemme cagada yaslykdan mahir soygi gerek
bamy
17 Awgust 2023
Çaga edebi eziz çagalara üns merkezde bolmaly çagalar biziň geljegimiz
saldb
17 Awgust 2023
🥺👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.