gullnara_
17.08.2023 09:23

Gazlandyrylan içgilerden hem zyýanly bolan içgiler

Içgileriň arasynda gazlandyrylan we alkagolly içgilerden hem zyýanly içimlik görnüşleri bar. Olaryň birnäçesine seredip geçeliň.


Ajy kofe- Kofe öz möçberinde içilse peýdaly: ukudan açylmaga, özüňe gelmäge we metabolizmiň tizleşmegine kömek edýär. Emma kofe öte ajy bolsa ol wasospazma sebäp bolup biler-gan basyşy birden ýokarlanýar, soň bolsa gaty peselýär. Netijede adam özüni erbet duýýar. Zeperlenen arteriýalar beýnä öz zyýanly täsirini ýetirýär. Eger ajy kofe şeker goşulan bolsa organizm üçin has howpludyr.


Gyzgyn çaý- Çaý içmegiň nähili zyýanly tarapy bar diýip oýlamagyňyz mümkin. Meselem: Hytaýlylar çaýy her gün dyngysyz içýärler, emma bu ýerde zyýan çaýyň gyzgynlygynda.Biz gyzgynjak zatlary gowy görýäs. Hemme gyzgyn içgiler ( diňe bir çaý däl,gyzgyn kofe, gyzgyn nahar ) gyzylödege zyýanly täsir edýär, bu bolsa mikrotrawma we mikroinfilýasiýa sebäp bolýar. Wagtyň geçmegi bilen bu göze ilmeýän meseleler onkologiki kesellere sebäp bolup biler. Şonuň üçin içýän gyzgyn içgileriňizi mümkin boldugyndan sowadyp içiň.


Gaplanan sok- Bir guty sokda koladakydanam köp şeker bardyr. Bu bolsa süýji keseline, dişdäki meselelere, artykmaç agram we başga dürli kesellere sebäp bolýar. Şeýle içgilerde witaminler we minerallar ýok diýen ýaly, ýöne düzüminde şekerden has zyýanly süýjiler bardyr.

19
115
gulshatayewa97
17 Awgust 2023
Men kola içmän sok içýädim içer ýaly bolmady inni🤦‍♀️
wolf
17 Awgust 2023
Sweetify suwam gaýnadyp, sowadyp içmeli 😅
sweetify
17 Awgust 2023
Diňe arassa suw icmeli
kasya
17 Awgust 2023
Sag bolun peydaly maglumatlar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.