Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmar Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan “Al-Hilala” geçdi. Bu barada saud klubunyň “Twitterinde” habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.
HBS-iň maglumatlaryna görä, iki ýyllyk şertnama boýunça ol tas 160 mln ýewro gazanar, “Pari Sen-Žermen” bolsa bonuslary hasaba almazdan transfer üçin 90 mln ýewro aldy.
“Al-Hilalda” Neýmaryň watandaşy, Peterburgyň “Zenitiniň” öňki futbolçysy Malkom çykyş edýär.
2017-nji ýylda Neýmar rekord 222 mln ýewro “Barselonadan” “PSŽ-e” geçdi. Hüjümçiniň şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi. Ol parižlileriň düzüminde bäş gezek Fransiýanyň çempiony boldy, üç gezek ýurduň Kubogyny we Super kubogyny gazandy.