Günlerde bir güni gelini bilen adamsy gürleşip ýatyrlarmyş we gelini adamsyndan soraýar.
-Ezizim, eger birden men ölsem sen başga birine öýlenjekmi?
Adamsy:
-Ýok mähribanym beýle pikir etme men hiç kimi seniñ ornuña goýmaryn.
Gelini:
-Ýok men seniñ ýalñyz galmagyña dözmerin, hökman öýlen.
Adamsy:
-Ýok diýdimä, men diñeje seniñ gujagyña girmegi özüme söz berdim.
Geliniñ gözüne ýaş dolýar we:
-Ýok eger sen meni razy etmek isleseñ öýlenersiñ, ýogsam men razy bolman o dünýäde.
Adamsy geplemän dymýar we:
-Bolýa göreris emma men hiç islämok-da, eger sen razy bolmajak bolsañ men islemesem-de öýlenäýerin.
Gelini:
-Öýlen ezizim emma bu spalnyda ýatma başgasyny al bolýamy.
Adamsy:
-Elbetde mähribanym seniñ ysyñy hiç bir zada çalyşman men.
Gelini:
-Meniñ geýimlerimi, altyn-kümüşlerimi, hemme zadymy oña berersiñ.
Adamsy:
-Ýok asla mümkün däl, men seniñ hiç bir zadyñy hiç bir gyzda görmek islämok.
Gelini:
-Eger sen meni razy etjek bolsan berersiñ.
Adamsy:
-Bor ömrüm seni ynjatmazlyk üçin hemme zady ederin
Gelini:
-Aýakgaplarymyda berermiñ?
Adamsy:
-Ýok bolmaz onuñ razmery 36.
Gelini:
-Nämeeeeeeeeee.
Adamsy:
-Wiii aýýýýýý o neme....
Hahaha tutuldy
Gülmeli ýeri geldi...