king_tm
15.08.2023 13:39

Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Russiýa baryp gören jahankeşdeleriň sany boýunça ilkinji bäşlige girdi. Ýurdumyz Russiýanyň Syýahatçylyk Operatorlary Assosiasiýasy tarapyndan düzülen reýtingde dördünji orny eýeledi. Jemi 14,1 müň türkmen raýaty ýylyň birinji ýarymynda Russiýa Federasiýasyna bardy.

Ilkinji üçlüge Hytaý, Türkiye we Germaniýa girdi. 2023-nji ýylyň başyndan bäri Russiýa Federasiýasyna baran syýahatçylaryň sany boýunça Türkmenistanyň, hatda Russiýa bilen serhetleşýän goňşy Gazagystandan hem geçip bilendigi bellärliklidir.

Hasabat döwründe dünýäniň dürli künjeklerinden 7,2 milliondan gowrak syýahatçy Russiýanyň şäherlerine baryp gördi. Diňe syýahatçylygy däl, eýsem, saparyň ähli maksatlary bilen gelenleriň sanyny göz öňünde tutsak, bu ýerde birinjilik Özbegistana degişlidir, bu ýurduň raýatlarynyň 1,7 milliony bardy.

Umuman, Russiýa syýahatçylaryň akymy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 130% ýokarlandy. Syýahatyň gyzgalaňly döwri aprel-iýun aýlary aralygynda hasaba alyndy. Russiýa Federasiýasynyň dynç alyş pudagy üçin iň meşhur ýerleri Russiýanyň iň uly şäherleri - Moskwa we Sankt-Peterburg bolmagynda galýar.

24
123
king_tm
16 Awgust 2023
@lalijek_07, hm dogry
king_tm
16 Awgust 2023
@mawy, bolýa poka good night
king_tm
16 Awgust 2023
@mawy, bir gaýrat et 😁
king_tm
16 Awgust 2023
@lalijek_07, hm dogry aý bolýala gowy bolsanyz, ýene birki sansa ýok ýitdi
king_tm
16 Awgust 2023
@lalijek_07, äääääää hos geldin nm boldy sizee
king_tm
16 Awgust 2023
@lalijek_07, sen kim tanamadym
king_tm
16 Awgust 2023
king_tm
16 Awgust 2023
sha98
15 Awgust 2023
Syyahatcy dal islemage baryan kop diymeli ekenler😂
olia
15 Awgust 2023
Işlemäge gitmek üçin ilki bir aýlyk turistik wiza döredip gidýä kabir adamlar. Şonuň ün şeýle by😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.