Dünýäden "Voyager" kosmos gämisi bilen 6 milliard uzaklykdan alynan suratyň üstüne Karl Saganyň sözleri:
"Bu suraty kosmosyň çuňlugyndan almagy başardyk. Bu surata üns beriň, ol ýerde bir nokat görersiňiz. Şol nokada ýene bir gezek serediň. Bu ýer biziň öýümiz. Ol biz. Söýýän we tanaýan, eşiden, diri ýa-da ölenleriň hemmesi şol ýerde. Ähli şatlygymyzyň we gynanjymyzyň, müňlerçe gapma-garşy dinleriň, ideologiýalaryň we ykdysady taglymatlaryň jemi; Her bir awçy we ýygnaýjy, her bir gahryman we gorkak, siwilizasiýany esaslandyryjy we weýran ediji, her bir patyşa we daýhan, aşyk bolan her bir jübüt, her bir ene we ata, her bir umytly çaga, her bir oýlap tapyjy, her bir gözlegçi, her bir ahlakly, her bir syýasatçy, şöhrat ýyldyzy, her "beýik lider", her keramatly we günäkär şol ýerde ýaşaýar. Gün şöhlesinde asylan tozan bölejiginde..."
Meniň pikirim: "Munça zat diňe bir nokatda ýerleşýän bolsa,nokatdan başga ýerlerde nämeler bar?!"