bamy
14.08.2023 20:44

Gõwnüm seni küyseyãr


Kãte yalñyzlykda otursam õzüm,

Kãte gaharlanyp, çytylsa yüzüm,

Kãte ukym gelip, yumulsa gõzüm,

Teshne yürek jemalyña suwsayar,

Gara gõzlim, gõwnüm seni küyseyãr.


Gõreshlerde gujur bilen batlansam,

Üyshmeleñde alkysh bilen yatlansam,

Arzuwlarym gõge galyp shatlansam,

Ya-da hasrat yürek-bagrym gyysa, yar!

Gara gõzlim, gõwnüm seni küyseyãr.


Bahar geler güller bilen shatlanyp,

Seyran etsek bayyrlary aylanyp,

Akja bulut "yagsammy" diyip, oylanyp,

Çagba gelip, suw-sil edip guysa yar,

Gara gõzlim, gõwnüm seni küyseyãr.


Meydana yazylypdyr bahar halysy,

Gel, bile kesht etseñ yakyn-alysy,

Maña at goydular: "yshkyñ dãlisi",

Men nãdeyin yürek sheyle sõyse, yar!

Gara gõzlüm, yürek seni küyseyãr.

14
52
rhgb
16 Awgust 2023
Hoshlashyk, yaz yaly atly goshgulara hem gowy
rhgb
16 Awgust 2023
Howa gowy.
bamy
15 Awgust 2023
@rhgb, howa gowy görýän
rhgb
14 Awgust 2023
Halyl Kulyyew. Bamy shu shahyryn goshgularyny gowy goryanizmi? Gaty gowy goshgulary bar
gulshatayewa97
14 Awgust 2023
Halyl Kulyýew
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.