iska95
14.08.2023 14:47
Toý gutlagy.


Görseňizläň! Aýly gijäň şanyna,
Egin deňläp geldi owodan ýaşlar.
Bagta tarap uly arzuwlar bilen,
Ilkinji ädimi owodan başlaň.

Ýaz ýagyşly geçsin, gyşyňyz garly,
Gujagňyza akja bäbekler dolsyn.
Çagalarňyz bilen birlikde mydam,
Öýňüzde bir topar jäjekler bolsyn.

Şeýdip agzybirlik galasyn guruň,
Ýyl geçdigi barha güllesin göwün.
Nusga bolup ýaşaň ulus illere,
Bagtly boluň, goşa garraň bir ömür.

Şahyr. SALYH HALMYRADOW.
22
85
2580
15 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.