Italýan binagärleri sekiz sany tennis meýdançasynyň taslamasynyň üstünde işleýärler. Ol başgaça «Sport diňi» diýlip hem atlandyrylýar. Taslama laýyklykda, üst-üstüne guruljak tennis meýdançalarynyň binasynyň beýikligi 90 metr, umumy meýdany 5,5 müň inedördül metr bolar. Tennis kortlarynyň hersiniň janköýerler üçin münberi bolar. Tennis meýdançalarynyň iki tarapynyň diwarlary dury bolup, iň öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylar, gurluşykda poslamaýan polat ulanylar. Tennis oýunlarynyň geçişini synlamak üçin binalaryň beýleki taraplarynyň diwarlarynda multimediýa ekranlary oturdylar. Sekiz meýdança biri-birine bagly bolman, hersi özbaşdak ýagdaýda işlär.
Taslamanyň üstünde işleýän kompaniýanyň binagärleri binany gurmakda esasy maksadyň ýerden rejeli peýdalanmakdygyny belläp geçýärler.