https://owrenmeli.app/46807-bellik-awtorlary-nbelli..html#comment
garlawac
14.08.2023 07:31
Aforizmlar
1. Gyzlar näme üçin gabanýarlar: Sebäbi olar beýleki gyzlaryň nämä ukyplydygyny bilýärler.
♡♡♡
2. Gidişiň janymy ýaksada, şonda-da dowam et, çünki ýöreýşiňe aşyk men.
♡♡♡
3. Maňa hat ýazmaz, sebäbi kejirligi söýgüsinden güýçlidir.
♡♡♡
4. Sen gitseň menem köp galman...
♡♡♡
5. Çagalygymdan bäri bir häsiýetim bar, her görenime adamdyr öýdýän :-)
♡♡♡
6. Güýçli bolmak menden saňa has zerur, çünki günäkär däldigimi ýüregiň duýýandyr seniň...
♡♡♡
7. Haramzada adamlardan ar aljak bolmaň. Bagtly boluň. Olaryň janlarynyň çykmagy üçin şol ýeterlikdir.
(Ýuriý Nikulin)
♡♡♡
8. Söýenim däl, unudyp bilmeýänim sensiň...
♡♡♡
9. Gabanjaňlyk, ynamyň azlygyndan däl söýgüniň artyklygyndandyr:))
♡♡♡
10. Näme diýseňem, adam öz ynanasy gelýän hakykatyna ynanýar. Näçe düşündürseňem peýdasy ýok.
(Erih Remark)
♡♡♡
11. Söýgi näme bilýäňmi?..
«Gutardy indi, git indi, maňa hiç zat ýazma, jaň etme» diýip, ýazan sms-siň
jogabyna garaşmakdyr.
(dowam bolsunmy:)
40
355