Mugallym gyz...
Didäñe didämi dikip,
Bukup ýüregimde gizlinje yşky,
Señ göwnüñe ýetsem diýip şu gije.
Bagyşladym saña sadaja goşgy.
Kine etme menden waspyñ etmesem,
Waspyña ejiz meñ sözlem, añlasañ!
Kine etme maña nazar oklañda -
Nazaryñda söýgiñ ba:ryn añmasam.
Söý meni! Söýgiñi çalaja duýdur,
Duýmasam, gönüläp diýmekden gorkma!
Meni, iñ bolmanda, goşgularymy
Ýürekden ezizläp söýmekden gorkma!
Diñle gursagyñy, belki ses bardyr,
Şol sese baglanyp, uýmakdan gorkma!
Mende çyndan söýüp biljek ýürek bar,
Ýüregmiñ sesini duýmakdan gorkma!
Eger... Durmuşyñda özge bar bolsa,
Bu habardan kalbym darka ýarylsa, aýtma...
Gizle menden özgä ýardygyñy,
Menem gizlärin ýüregimiñ ýarygny...
Mugallym gyz, didämi didäñe dikip,
Bukup ýüregimde gizlinje yşky,
Giderin men senden örän uzaga,
Ýadygärlik goýup sadaja goşgy...