gulshatayewa97
13.08.2023 19:12
Ejemjanyň tümmegi

Ejemjanyň tümmegi,
Çöküpsiňle ne beýle?
Geçen ýylam beýikdiň,
Gelip gidemde seýle.

Kän gatnaýa diýýänsiň,
Diý! Göwnüme zat alman.
Meni dertden boşadýar,
Toprak bolan adamlar.

Her bir tümmek bir dünýä,
Her birinde ýakym bar.
Bu ýer seýilgähim meň,
Aýlanmaga hakym bar.

Kän gelmäge borçly men,
Käbäm ýatyr astyňda.
Geldim ähli nalamy,
Ýüregimden asdymda.

Salam berip ejeme,
Bir içimi dökeýin.
Meň gymmatly tümmegim,
Ejaza ber öpeýin.

Ýüregim deý çöküpsiň,
Oýulypsyň ömrüm deý.
Ejemjany aldyryp,
Ölümden öň oldüm heý!

(Awtory bilemok)
34
73
bitanem
4 Noýabr 2023
Hakyky iñ agyr ýùki çekmedik bilmez
bitanem
4 Noýabr 2023
Meñem ejem ýok jaýlary jennet bolsun
garik
14 Awgust 2023
Gowy goşgy
king_tm
13 Awgust 2023
Menem gonamçylyga baryp zyýarat etsem ýüregim ginäp gitýä 😔
bamy
13 Awgust 2023
😟😔😓
1980
13 Awgust 2023
@garlawac_, başy agyrmaýanyň ýanynda başym agyrýar diýme
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.