gullnara_
13.08.2023 07:54

JYNLAR BARADA


Jynlaryñ güýçli zatdyklaryny bilýäris. Jynlar hem edil biz ýaly barlyklardyr. Olar hem edil ynsan ýaly dogulýalar, iýýärler, gezýärler we ölýäler. Ýöne aýdylmagyna görä olar ortaça müñ ýyla golaý ýaşaýar ekenler. Jynlaryñam hersiniñ atlary bolýar.

Jynlaryñ erbedi we gowylary bolýandyr we musulmany kapyry bolýandyr. Kapyr jynlar adama duşman bolýalar we wagty gelende olara hüjüm edýäler. Jynlar üýşmeleñ ýerlerde bolýan däldir. Hatda köp adam bolsa olardan gorkýarlar. Ýöne ýeke galañda onda hüjüme geçip başlaýalar. Esasy agşam sagatlarynda hasda 2 we 4 aralygynda olaryñ iñ güýçli bolýan wagtlarydyr. Şo wagt olaryñ gaharyny getirmäñ. Olar aýdymly ýada sesli ýerlerde köp bolýan däldirler. Ümsüm bolup olar barada pikir edip gorkañda seniñ gorkyñkdan peýdalanýalar. Şol sebäpli agşam olar barada gep açmañ we köp pikir etmäñ. Jynlaryñam aýaly we erkegi bardyr. Aýal jynlar zenan adamy ýigrenýändirler. Sebäbi erkek adamlary gawanýarlar. Olar erkek adamy öz tarapyna çekmäne çalyşýalar. Käwagt başarýalaram. Sebäbi öz sypatynda dälde gaty owadan sypata girip bilýäler. Aýal jynlaryñ köpüsi gaty gorkunç bolýandyr. Hatda seredende gorkunçlygyndan infark geçip adam ölübem bilýär. Ondan biliberiñ. Ýöne olar erkek adamlara owadan sypatda görüner we gürleşer degişer edil erkek we zenan adam ýaly. Güýçlileri gaty güýçli bolýandyr.

37
390
maya_ene
18 Sentýabr 2023
wayy ghost 😱
2006
18 Sentýabr 2023
Ýene şunuň ýaly postlardan köpräk goýuň
madagaskar
15 Awgust 2023
Yok olar hemme dowrdede bar. Huday Tagala aytmayamy Kurany Kerimde men hokman dowzahy ynsanlardan we jynlardan dolduraryn dp. Son un olar bizin pygamberimizin dowrunnede bolan hazirki dowrdede bar@okayjy,
madagaskar
15 Awgust 2023
@1980, sugun agsam solar barada koprak pikir etde we gurrun etde yat onnan ynanarsyn.
madagaskar
15 Awgust 2023
@okayjy, malatsy gaty dogry pikir
kizi
15 Awgust 2023
Yoklay yalan menà ynanmadm
sweety
14 Awgust 2023
Toba etdim, her hilli zat bar toba toba gorkuzyanyzay birhilli
okayjy
13 Awgust 2023
@1980, Adam göziniñ görmeýän zadyna ýokdur öýitýä. Gündiz asmanda ýyldyzlary görip bilmersiñ, ýöne olar asmanda duran ýerlerinde durandyr. Diñe güniñ ýagtysynyñ peselmegi bilen görner we adam şondan soñ oña ynanar. Ýagny görmeýän zadymyza ýok ýa-da ynanaomok diýmek, ýyldyzlar ýok diýmek ýaly birzat. 📌Şahsy pikir.
1980
13 Awgust 2023
@okayjy, jyn barmy aslynda men kän ynanamok
okayjy
13 Awgust 2023
Süleýman pygamber döwrinde jynlar hem adamlar bilen deñ-derejede ýaşapdyrlar. Ýöne Süleýman pygamber ýogalmagyndan öñ ýany olaryñ erbet häsýetlilerniñ adamlara zyýan ýetirmeginden gorkyp bir küýzä gapgaryp gömip gitýä diýip okapdym.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.