Gyzlar duýgularyny saklamak üçin ýalan sözlärler. Oglanlar bolsa bolmaýan duýgularyny görkezmek üçin ýalan sözlärler.
***
Maňa ýagyş barada gürrüň berme, ýag!
***
Sen barada gyzyklanmagymy goýan bolsam şoňa mynasyp däldigiňi bilendirin.
***
Kä wagt ýazanlarymy unudýan, emma pozanlarym hemişe ýadymda
***
Özüňizi ýylatmak üçin ýakan adamlaryňyzyň ahyndan gorkuň.
***
Hakyky maksat seni gije ýatyrmaýan zat däl-de, seniň daň bilen düşegiňden turmagyňa sebäp bolýan zatdyr.
***
Dymmak – iň güýçli sesleriň biridir. Ol gulagy däl-de ýüregi ýyrtýar.
***
Käbir adamlaryň göwnüne degmek gerekdir, bolmasa özlerini kemsizdir öýdýäler :-/
***
Men ulalmaryn-la... Henizem şo-ol çaga ýaly täsinliklere, söýgä we gowy adamlaryň bardygyna ynanyp ýörün.
***
«Görsem ynanaryn» – diýipdir adam,
«Ynansaň görersiň» – diýipdir Dünýä