Geçenki makalamda Stambula gelen ýylymdaky bolan zatlar hakynda gysgaça gürrüñ beripdim.
Indi bolsa nahili işlerde işläñdigim hakynda gürrüñ bermek isleýärin. Ilkinji işläñ işim bolup işläpdim diýipdim. Ondan soñ ol ýerden çykypdym sebäbi edýän işim 10 manatlyk iş bolsa, alýan hakym 1-2 manat diýsemem bolar. Gaty azdy.
Soñ başga restoranlara işe giripdim. Birnäçe ýerde işläp gördüm emma olaryñ hemmesi diýen daşary ýurtdan gelenligi bilseler az pul berýärdiler. Onsoñ menem restoran däldä otelleri barlap göreýin diýip, birnäçe otellere gidip gürleşip gördüm we ýaşaýan ýerime ýakyn bolan bir ýerde otelde ýene bolup işlemäne başladym. Nämede bolsa aýlygy öñki işlän ýerlerimden köpüräkdi. Bir gowy tarapy, restorandaky ýaly elmyda ylgap ýöreñok, myhman bolan wagty işleýäñ. Işleýän ýerimde hiç haçan işden gaçamokdym. Şol sebäpli oteliñ eýesi halapdy işleýşimi.
Emma bir mesele bardy oteliñ müdirinden has köp iş edýärdim. Sebäbi daşary ýurtdan myhmanlar gelende müdir käñ iñlis dilinde gürläp bilenokdy, ýañy öwrenmäne başlapdy, emme bütin myhmanlar bilen men gürlşeýärdim. Şol sebäpli oteliñ eýesi meni halapdy. Ỳöne gynansagam her ýerde boluşy ýaly, müdir bu ýagdaýdan birahatdy we eýdip beýdip edýän işim hakynda bahana tapyp meni kösemäne başlady. Ỳeri geldi üssümden gülmek üçin bahanalar tapýardy. Men gaty gowy düşünýärdim näme üçin beýtýändigine, sebäbi onuñ başarmaýan zadyny men ýerine ýetirýärdim. Onuñ içi ýanýardy.
Soñunda eýtdi beýtdi meni şeýle bir ýadatmana başlady biderek gürrüñleri bilen, tapýan bahanalary bilen we men işden çykdym. Ỳöne ynansañyz oteliñ eýesi 3-4 gezek meniñ bilen gürleşdi. Hatda aýlygymy arttyrjak diýdi, näme sebäpli gidýäniñi aýt diýdi, ýagny maksady meni işde alyp galmakçydy. Ỳöne men ol müdir ýaly bolmak islemedim we hiçzat diýmedim. Käbir bahanalar bilen işden çykdym.
Aslynda bu işlän ýerim meniñ üçin uly sapak boldu. Adamlary tanamana başladym. Men hiçhaçan adamlaryñ erbet tarapyny ýüzlerine aýdyp bilemokdym ýa-da adamlaryñ göwnüne degip bilemokdym. Hemişe töweregimdäki adamlar hakynda gowy pikirler edýärdim.
Emma durmuşyñ edil beýlede gowy däldigine düşündim. Eger ýeri gelende käbir zatlary adamyñ ýüzüne aýtmasam, başarmasañ özümiñ utulýandygyma göz ýetirdim. Ỳöne çynymy aýtsam geçen ýyl Stambulda ol işlän ýerime bardym we ol meniñ işden çykmagyma sebäp bolan müdiriñ menden soñ 3-4 aý içinde işden kowulandygyny aýtdylar. Hany bir nakyl bardy: ‘’ ýakma bişersiñ, gazma düşersiñ ‘’ diýilen. Edil şeýle hem boldy.
Aslynda durmuş bir ýaryş, eger ejizleseñ arada ýitip gitýäñ. Ỳöne meniñ pikirimçe edil beýle diýibem, gowy niýetiñi ýitirmeli däl. Hemişe arassa işlemeli we görüpçilik etmeli däl. Şonda durmuşdan lezzet alynar.
Gysgaça hem akylly bolmaly hem arassa bolmaly. Akylly diýýänim bolsa, bir iş etmezden öñ köp pikirlenmeli. Ynha şeýle edilende adam durmuşda ýeñilmez diýip pikir edýärin. Bir zady belläp geçmek isleýärin, belkäm käbirleri: ‘’ sen okamana bardyñmy ýa-da işlemänemi ‘’ diýip sorag sorap biler. Meniñ bu gürrüñ beren wakam tomusda bolan waka. Köp işledim ýöne hiçwagt okuwymy taşlamadym. Sebäbi meniñ ol ýere okamana bardym. Okuwymy hiçwagt taşlap bilmezdim. Onsoñ ol ýerden işden çykdym we beýleki otellere baryp gürleşip gördüm. Emma hiçhili iş tapyp bilmedim.
Wagtyñ geçmegi bilen bir dost oglandan habar geldi we maña bir gurluşykda 2 hepdelik iş bar işlemek islärmiñ diýip sorady. Men hem kabul etdim. Nämede bolsa boş ýatmakdan gowudyr. Ilkinji gezek gurluşykda işläp gördüm. Meniñ ýaşym 18 we men ýaly 4 sany başgada Türkmen oglanlar bardy 2 sanysy 30-35 ýaşynda işlemäne gelen oglanlardy, beýleki ikisi bolsa 22 ýaş töweregidi. Aralarynda iñ ýaşy mendim. Ynanmarsyñyz ýöne eden işimiz 50 kg agyrlygynda arkamyza alyp 10 etaza daşaýardyk. Her etaža 20-25 sany daşaýardyk. Şeýdip 10,9,8… diýip 1-nji etaža çenli daşap doldurmalydy. Ol 2 hepdede iñ agyr kynçylygy gördüm diýsem bolar.
Emma ol ýerden gazanan pulumyñ lezzetini hiçwagt dadyp görmändim. Sebäbi bolsa ol pulda mañlaý derim bardy. Sowmana dözmändim ol puly. Ynha ol wagt ýene bir gezek gowy düşündim, halal puluñ nähili gowy zatdygyna. Halal gazanç…
Dowamy bar.