gullnara_
12.08.2023 07:43

Size gürrüñ bermek isleýän zatlaryma başlamazdan öñ bir zady belläp geçmek isleýärin.

Bu ýazylan zatlar doly çyn bolan zatlar we öz başymdan geçiren zatlarym. Hemişe bu zatlary birine gürrüñ bermek islärdim, hat-da mümkin bolsa kiçiräk kitap görnüşinde çap etmek hem isläpdim. Aslynda her adamyñ durmuşynda geñ galdyrýan wakalar bardyr. Nesip bolsa bu setirleriñ soñuna geleñizde, siz hem näme diýmek isleýänime düşünersiñiz.

Men Stambuldaky başymdan geçiren zatlarymy siziñ bilen paýlaşmakçy. Aslynda seredilende biziñ ýurdumyzdan Stambuly görmedik adam ýok diýsegem bolar emma meniñ maksadym Stambulyñ syýahatçylyk tarapyny gürrüñ bermek däl, Stambula ýa-da Türkiýäniñ başga şäherlerine okamak üçin gelmek isleýän oglan-gyzlara maslahatlarym bar. Şu wagt Türkiýedäki daşary ýurtlardan okamana gelmek isleýänleriñ haýsy ýokary okuw jaýyna girendigi belli boldy. Geçende bir habar okapdym, Türkiýede okaýan iñ köp talyp biziñkiler eken, meniñ pikirimçe gaty gowy, örän buýsanç duýýaryn, sebäbi daşary ýurtda okalanda diñe ylym alynanok bir tarapdan durmuşyñ nämedigine hem göz ýetirilýär. Emma şeýle bir mesele bar, daşary ýurda gitmek añsat däl. Bir tarapdan maşgaladan aýra galmaly, bir tarapdan pul meselesi sebäbi hemmekişiniñ ene-atasy aýda müñläp dollar ugradyp bilenok.

Mundan 8-9 ýyl öñ Stambula gelemde, bir tarapdan begenýärdim, nämede bolsa daşary ýurda geldim, ýokary okuw jaýyna girdim diýip, bir tarapdan bolsa maşgalamdan aýra galanlygym üçin erbet bolýardym. Başda öwrenşmek gaty kyn, hiçhili dost ýok, tanyş ýok diñe birnäçe sany biziñkilerden oglanlar bardy. Olar bilen hem hemişe duşuşyp oturyp bolanok. Hemmekişiniñ öz aladasy özüne ýetik onsuzam. Ỳuwaş-ýuwaşdan wagtyñ geçmegi bilen öwrenşmäne başladym. Uniwersitetden täze adamlar bilen tanyşdym.

Ỳöne esasy mesele ol ýere, bu ýere gezmäne gitmek, wagt geçirmek, kursdaşlar bilen kafe gitmek dälde, pul meselesi bardy. Ol wagtlar ýurdumyzda dollaryñ hümmeti gymmatdy we çynymy aýtsam maşgalamdan pul alamokdym. Aslynda sorasam ugradarlardy ýöne ýagdaýlaryny bilýärdim we birahat etmek islämokdym. Ugratsalaram 50-100 dollaryñ Stambulda hümmeti ýokdy.

Ol wagt durmuşyñ nämedigine düşünmäne başladym. Ỳanyñda ene-atañ ýok. Bir zat edip pul gazanmalydy we oña muña soraşdyrdym. Sebäbi aýlyk stupendiýalar bardy ýöne şu wagt ýok diýsegem bolar, bar bolanlaram daşary ýurtdan gelen talyplara berenok. Idäp sorap birnäçe sany ýer tapdym we gitdim ýagdaýymy düşündirdim. Ilkinji ýylym 2 ýerden stupendiýa çykdy. Emma stupendiýa diýilýän zat käbir zatlara ýetýär. Ỳa ýol puluña ýa-da birnäçe sany egin-eşik alyp bolýardy.

Onsoñ bir ýerde iş gözläýin diýip karara geldim. Nämede bolsa altynjy bazar günleri boş. Ỳaşaýan ýerime ýakyn ýerlerdäki restoranlary aýlandym we olaryñ birinde bolup işe başladym. Olaram näme akmak däl, talypdygymy bilýärdiler, pula mätäçdigimi hem bilýärdiler we kän pul berenokdylar emma işletmeli bolsa adamyñ suwuny çykarýardylar. Emma işlemekden başga edip boljak zat ýok we sabyr etmeli boldum.

Hepdede 2 gün, käwagt baýramçylyklarda hem işlemäne gidýärdim. Emme ol ýerden alan pulumy ynansañyz sowmana dözemokdym. Türkmenistanda bolsa puluñ gadryny bilemokdym, nämede bolsa özüm gazanamokdym. Ynha şonda kakamyñ aýdan sözi ýadyma düşdi. Kakam hemişe: ‘’ Hemişe puluñyzy tygşytly sowuñ we aýra bir ýerde 3-5 manat puluñyz bolsun’’ diýerdi. Özüm işläp, der döküp gazanmana başlamda bu sözleriñ manysyna düşünmäne başladym. Soñ soñlar başga ýerden hem iş gözlemäne başladym, aslynda wagtyñ geçmegi bilen beýleki türkmenler bilen tanyşdym we täze işleri olaryñ kömegi bilen tapypdym.

Nämede bolsa biziñkiler tüweleme, bir zada göz ýetirdim, biziñkiler nirde bolsa bolaýsyn aç galmaýar. Her kim bir- birine habar berýärdi iş bolan wagty we soñ işleýän restoranymdan çykypdym. Sebäbi edýän işime görä gaty az pul berýärdiler. 5-6 aýym şeýle geçdi, işläp boljak işlerden habardar boldum we köpüsinde işledim, täze adamlar bilen tanyşdym. Aslynda gaty gowy, adam nädip öz günini özi görmelidigini öwrenýär.

 Asyl size gürrüñ berjek zatlarym entek başlamady, şu wagt diñe birinji ýylym barada gysgaça gürrüñ bermek isledim. Nesip bolsa, indiki ýazgylarymda asyl başymdan geçen wakalary siziñ bilen paýlaşmakçy.


Dowamy bar

25
158
bamy
12 Awgust 2023
Örän gyzyklydyr
wolf
12 Awgust 2023
Guldesse bu señ başdan geçirmeleriñmi?
lavinya_
12 Awgust 2023
Salam, hokman garasyan dowamyna
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.