garik
11.08.2023 19:07
Ezizim şu bereketli ojakda,
Bir zady belläp goý, eşdip goý senem.
Ýetginjek mahalym çagyryp ýanyna,
Bir haýyşt edipdi garryja enem.

Diýdi\" Çykaraýma ýadyñdan, balam,
Bir käse un al-da ir bilen ugra,
Açlykda alypdym, berilmän galan,
Bir käse un bergim bardy Mamura.

Aglajakdym boş gaýtarsa yzyma,
Kän otyrdym bosagasyn dyrmalap.
Şonda ol bar unyn böldi-de ikä
Berdi maña bir käse un gyrmalap.

Razy et, köşegim, Mamur ejäni,
Diý islän ýermize ýetýär elimiz,
Algyñ öwezine näme sorasa,
Ony hökman tapyp beräýmeli biz\".

Soñra enem kän seredip otyrdy,
Elimdäki ýeke döwim nanyma.
Bir halta un alyp ertesi irden,
Bardym menem Mamur ejäñ ýanyna.

Ol bürküldäp duran päkize uny,
Üçgezek gaýtalap syldy ýüzine.
Doldyryp aldy-da moýly käsesin,
diýdi "Şu, köşegim, algymyz ine.

Galanyny äkit guzym öýñize,
un alan artykmaç getirýän däldir.
Gyt bolsyn, bol bolsyn çörek diýlen zat,
Öz mukaddesligin ýitirýän däldir\"

ATAJAN ANNABERDIÝEW.
21
156
talypgyz
12 Awgust 2023
@garik, hm bolya komege gyzlar Kan eken size mataclik duyaryn dp pikir edemok yenede sag bolun.
talypgyz
12 Awgust 2023
@garik, bagyshlan welin etmane ishiniz yokmy
talypgyz
12 Awgust 2023
Bolya
talypgyz
12 Awgust 2023
@garik, aytmayan sorry
talypgyz
12 Awgust 2023
Lb siz
talypgyz
12 Awgust 2023
@garik, inshalla
garik
12 Awgust 2023
@talypgyz, öwrenersiñ entek
talypgyz
12 Awgust 2023
@garik, taze girdm programma dushunemok
garik
12 Awgust 2023
@talypgyz, düşünmedim🤔
garik
12 Awgust 2023
@talypgyz, sps👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.