Adamsyz öý
Bir gün Aristotel ýolda gidip barýarka, görmegeý ýaş ýigit bilen pete-pet gelipdir. Ol ýaş ýigit bilen bir salym söhbetdeş bolanyndan soň, onuň barypýatan nadandygyna göz ýetirip, öz ýanyndan şeýle diýipdir:
— Owadan öý eken. Ýöne arman içinde adam ýaşamaýar eken!
*******
Iñ kyn we iñ akñsat zat
Bir filosofdan:
— Dünýäde iň kyn zat näme? — diýip sorapdyrlar. Ol şeýle jogap beripdir:
— Gep. Sebäbi gepe düşünmegem kyn, ony düşündirmegem.
Soňra ýene filosofdan sorapdyrlar:
— Dünýäde iň aňsat zat näme?
— Arzuw etmekdir. Sebäbi bu dünýäde herdem hyýal bolup ýaşamakdan aňsat zat ýok.
*********
Hiç zat
Bir akyldara:
— Bu dünýäde adamyň özüne degişli nämesi bar? — diýip soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir:
— Bu dünýäde adamyň özüne degişli üç zady bar: jany, bedeni we baýlygy. Şeýle-de bolsa, onuň jany Ezraýylyň, bedeni lukmanlaryň, baýlygy bolsa kazy-kelanlaryň elinde. Şonuň üçin hem aslynda onuň özüne degişli hiç zady ýok.