Durmuşa çykmagyň sogaplary we günäleri Ali ibn Abu Talib (radiyallahu anh) rowayatlaryndan şeýle diýýär:
Bir gün Allahyň Resulynyň (sallahu aleyhi wessellam) ýanyna bir aýal maşgala gelip: " - men bir oglana durmuşa çykmak isleýärin. Näme diýip bilersiňiz bu barada?"
Serwermiz ýylgrdyda şeýle jogap berdi: "Erkegin haky aýal maşgalanyňkydan köpdür. Sen olary yerine yetirip bilermiň?"Onda ol gyz: " o nähili?" diýip sorady.
-" Eger sen öz ärin göwnüne degseň, sen Allahyň garşysyna çykdygyň bolar we seniň namazyň kabul bolmaz"
- "Yene -de barmy?"
-"Egerde aýaly öz ärinden birugsat köçä çyksa, her äden ädimi günä hasaplanylar"
-"Yene-de barmy?"
-"Egerde aýaly erbet söz aytsa,onda kyýamatda onuň dili arkasyna oralar"
-"ýene de barmy?"
-"Egerde aýalynyň baýlygy bar bolsa we ärine kömek etmese,ahyrýetde onun yüzü gara bolar"
-"Yene-de barmy?
"Egerde aýaly ärine sögse we oňa garşy söz aytsa,onda ol dili üçin Dowzahda asylar. Egerde aýal aýdym sazyň bolýan ýerine gitse we onuň üçin pul berse,onda geyinen eşikleri şeýle diýip nalarmyş:" Sen bizi öz ýanýoldaşyň üçin geýmediň,sen bizi haram yerlere gitmek üçin geýdin". Şeýle aýallary ALLAH 1000ýyllap ýanmagy buyruk eder."
Bu zatlary eşiden gyz şeýle diydi:" -Ya Allahyň Resuly! Bu çaka çenli durmuşa çykmandym we indi hem çykmaryn". Onda Pygambermiz(sallallahu aleyhi wesselam)
şeýle jogap berdi:" Durmuşa çykaňda nähili sogaplary gazanýanydygyň barada hem aýdyp bereýinmi?" onda diňle:" Eger äri men senden razydyryn diýse, munyň sogaby aýaly üçin 60ýyl namaz okan ýalydyr". "Egerde sen oňa bir bulgur suw uzatsaň, bu seniň üçin 1 ýyl oraza beklenen ýaly sogap bolar"." Äri bilen jyns gatnaşykdan son gusul alsa alsa,munyň sogaby 1000ýyl gurbanlygyň sogaby ýaly bolar". "Ärine mekirlik etmeden ölse ,perişdeler tesbi sanar” ."Öz baýlygyny äri üçin saklap gezse we äriniň hossarlary bilen gowy gatnaşsa,5 wagt namazyny okasa,orazasyny tutsa bularyň sogaby 1000 gezek Käbä aýlanan ýalydyr."