Krossowka bazarynyň 18%-ni eýeleýän “Nike” kompaniýasy öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Bu barada Germaniýanyň bazar we sarp edijileriň maglumatlary boýunça ýöriteleşen “Statista” kompaniýasy habar berýär.
Ikinji orunda “Nike”-yň eýeçiligindäki we bazaryň 11%-ni eýeleýän “Jordan” brendi durýar. “Adidas” 9% bilen üçünji, “Skechers” we “Vans” 7% bilen dördünji we bäşinji, “MoonStar” brendi 5% bilen altynjy orunda durýar. “Nike”-yň eýeçiligindäki “New Balance and Converse” bazaryň 4%-ini eýeledi.
“Statista”-nyň bilermenleri häzirki wagtda krossowka bazarynyň möçberiniň 75 milliard dollara barabardygyny çaklaýarlar. 2028-nji ýyla çenli, takmynan, 100 milliard dollara ýeter diýlip garaşylýar.
1964-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Fil Naýt tarapyndan esaslandyrylan “Nike” kompaniýasy başda “Blue Ribbon Sports” diýlip atlandyrylypdyr. Bu brend 1978-nji ýylda “Nike” adyna eýe boldy. Kompaniýa häzirki wagtda “Nike” brendi we “Nike Golf”, “Nike Pro”, “Nike +”, “Air Jordan”, “Nike Blazers”, “Air Force 1”, “Nike Dunk”, “Air Max”, “Foamposite”, “Nike Skateboarding”, “Nike CR7”, “Hurley International” we “Converse” brendli harytlaryny satýar.