atakulyyewa_humay
11.08.2023 00:19
Zenanlaryň we erkekleriň umumy meseleleriniň  biri saçyň dökülmegidir. Saçyň dökülmeginiň dürli  sebäpleri bardyr. Bu sebäpler möwsümleýin üýtgemeler,  genetiki faktorlar, demir ýetmezçiligi,  gormon meseleleri, witamin-mineral ýetmezçiligidir.

Demir ýetmezçiligi we ganazlyk saç dökülmeginiň iň uly sebäpleriniň biridir. Demir ýetmezçiliginde düzüminde demir saklaýan iýmitleri köp iýmek bilen bu meseläniň öňüni alyp bolýar. Demir ýetmezçiligi gandaky kislorod derejesini peseldýär. Bu bolsa saç follikulalaryna kislorodyň  ýeterlik däldigine sebäp bolýar. Adam uzak wagtlap stresde bolsa ýa-da şikes alan bolsa 3-6 aýdan soň saçy çalt düşüp başlaýar. Genetiki faktorlar hem saç dökülmeginde uly rol oýnaýar. 

Belok ýetmezçiligi  sebäpli hem saç düşüp bilýär. Ýeterlik derejede belok ýetmese, saçyň ösmegini togtadyp bilýär. Mundan başgada B witaminiň ýetmezçiliginde saçyň dökülmegine sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin saçlara wagtly-wagtynda ideg etmeli. Saç ýuwujy serişdeler saça görä saýlanylmaly. Saçlara wagtly-wagtynda ideg saçlaryň has-da janlanmagyna, reňkli görünmegine getirýär.
16
82
bayramgeldiyewarslan
11 Awgust 2023
Ayal gyzlaryn sacy dokulse dikeldp bolya yone erkeklerinki dokulse hic alajy yok
lola
11 Awgust 2023
Menin etmedik alajym galanok su saca ahyr sony goyberdim oz ugruna azar beremok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.