olia
10.08.2023 16:10
Taryhdaky iň elhenç ýadro betbagtçylyklarynyň biri barada gürrüň açalyň. 1985-nji ýylda Goianianyň radioterapiýa instituty (Braziliýa) ýerleşýän ýerini üýtgeden wagty içinde Seziý-137 elementi bolan terapiýa enjamyny goýup gidýär. Iki ýyl soňra 1987-nji ýylyň sentýabr aýynyň 13-inde iki sany adam binanyň içine girip enjamy ogurlapdyr.

Ogrular enjamy öýüne getirip böleklere bölmäge başlapdyrlar, emma şol günüň özünde keselläpdirler. Oňa garamazdan, ogrular enjamy böleklemegi dowam edýärler we 16-njy sentýabrda enjamyň içki böleginde deşik deşmegi başarýarlar. Içki bölekden çykan açyk gök reňkli poroşogy (seziý hlorid) ýygnap alyp, dogan-garyndaşlary, dostlary bilen paýlaşmaga başlaýarlar. Poroşogyň nämedigini bilmezden adamlar ony açyk elleri bilen tutýarlar, eşiklerini reňkleýärler, hatda käbiri makiýaž üçin hem ulanýar(🤦🏻‍♀️). Aslynda proşogy açyk elleri bilen tutmagyň özi hem ogrularyň barmaklaryny we elini amputasiýa etdirmegi (aýyrtmagy) üçin ýeterliklidi.

Emma ýagdaý bu derejä ýetmezinden öň ogrular enjamy ýerli swalkanyň eýesine satýarlar. Swalkanyň eýesi, Devair Ferreira enjamy böleklemegi dowam edýär we haçan-da poroşogy özi almagy başaran-da haýran galýar. Poroşogyň gymmat bahalydygyna, hat-da adatdan daşarydygyna ynanyp, Devair öz maşgala agzalaryny, goňşularyny poroşogy görmäge çagyrýar we olara paýlaýar. Devairyň dogany Odesson poroşogyň birazragyny öýüne-de alyp gidýär. Ol ýerli awtobusyň sürüjisi bolup işläpdir we onlarça adamlary hem radiýasiýanyň täsirine duçar edipdir. Şeýle-de ol bu betbagtçylykda radiýasiýasynyň täsirinden iň köp zyýan çeken adamlaryň biri we soň-soňlar hem elini ýanýan ýaly duýýandygyny aýdypdyr.

Onuň 6 ýaşly gyzy nahar iýmezinden ozal gök poroşok bilen oýnapdyr we radio aktiw poroşogyň bölejikleri onuň iýmitine düşüpdir. Gynansakda, bir aý soňra, 23-nji oktýabrda gyzjagaz ýogalypdyr we ol ýörite ýasalan gurşun tabytda, üsti betonlanyp jaýlanypdyr.

Hiç kim poroşogyň radio aktiwdygyny bilmändir. Wagt geçdigiçe, poroşoga ýakynlaşan ähli adamlar agyr keselläp başlapdyr. 28-nji sentýabrda eýýäm birnäçe adamlar agyr keseldi. Devairyň aýaly Gabriela Mariýa Ferreira ähli poroşogy we onuň bilen bagly zatlary ýygnadyp, polietilen gaba salyp ony hem uly sumka salyp, egnine atyp ýerli hassahana gidýär (netijede, sumkany göterip baran egnine agyr şikes ýetipdir). Ýerli lukmanlar ilki epidemiýa bilen iş salyşýandyrlar diýip pikir etseler-de, adamlaryň radio aktiw element bilen zäherlenendiklerine tiz düşünipdirler.

Netijede, 100000 adam ýerli stadionda barlag üçin karantina alnypdyr, 250 adam radiasiýasynyň täsirine düşendigi anyklanypdyr. 28 adam deri kesellerine uçrapdyr, 1 çaga, 1 aýal (Gabriela Mariýa Ferreira), 2 erkek adam (Devairyň swalkasynyň işgärleri) aradan çykypdyr. 40-dan gowrak öýler we binalar ýykylmaly bolupdyr. Seziýiň galan galyndylary, radiýasiýasynyň täsirine düşen binalaryň galyndylary, öý goşlary, eşikler, zir-zibiller - jemi 6000 tonna hapa demir gapyrjaklara gaplanyp, ulanylmaýan boşlukda gömlüpdir. Hapalaryň gömülen ýeri ýene-de 300 ýyldan ulanmaga ýarawly bolar.

Çeşme: Ian O\'Grady, Quora.
65
688
2010
11 Awgust 2023
Gaty gowy eken yöne taryhy hic halamok yöne mogallymym taryhyň ata syny ögretdi oda geredod
kakajan0066
11 Awgust 2023
👍👍👍
garik
11 Awgust 2023
@aiguzel, hoş geldiñiz
nurana_aim
10 Awgust 2023
Gyziklija👍🏻
aiguzel
10 Awgust 2023
Salam gaty gowy eken maglumat 💙 gyzykly we öwrediji haladym.sagbolun👍
bayramgeldiyewarslan
10 Awgust 2023
Gaty gyzykly 1nji gezek estyan
kizi
10 Awgust 2023
Bäh gaty geñ
olia
10 Awgust 2023
@rhgb, @kasya, sizem okanynyz un sag bolun:)
kasya
10 Awgust 2023
Gowy maglumatlar eken sag bolun
rhgb
10 Awgust 2023
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.