bamy
10.08.2023 15:26

1-nji sentýabr güni. 1-nji synpa gidýän okuwçylar eli gülli mekdebiñ öñünde şatlanşyp durdylar.

Kerimem eje-kakasy bilen baýramçylygy synlap durdy. Birdenem bir oglanjyk ylgap barşyna büdräp ýykyldy. Kerim derrew oglanjyga kömek etmek üçin elini uzatdy. Oglanjyk ýylgyryp, ýerinden turup:

-Atajan-diýenden, Kerimem ýylgyryp:

-Kerim-diýdi. Bularyñ dostlugy şeýle başlanypdy. Bu iki dost bir-birlerine asla meñzeş däldiler:Kerim öýüñ uly ogludy, eje-kakasynyñ sag elidi, Atajan tersine, öýüñ läligidi, aýdany-diýeni artykmaçy bilen ýerine ýetirilmedi. Kerim hemişe töweregindäki adamlar hakda alada etse, Atajan diñe özüni bilerdi. Ýöne, bulara dost bolmaga hiç zat päsgel bermezdi. Mekdepde bir ýerde garagolluk bar bolsa, hökman soñunda günäkäri Atajan bilen Kerim bolardylar: gyzlaryñ saçyndan çekerdiler, sapaga äpişgeden girip-çykardylar, arakesme wagty synpdalarynyñ okuw esbaplaryny çalşardylar. Wagtam näme geçip dur. Iki dost 9-njy synpa gadam basdylar. Mugallym okuwçylar bilen salamlaşyp, sapaga başlapdy. Dostlar yzda oturyp, öñdãki oturan synpdaşlaryna kagyz zyñýardylar. Şol wagtam gapydan direktor bilen bir gyz girdi. Direktor:

-Salam, okuwçylar. Oturyñ! Ine, size täze synpdaş geldi. Tanyş boluñ, Gülsenem Myradowa. Göwnüne degäýmäñ- diýip, yzda oturan iki dosta garap aýtdy we mugallymdan ötünç sorap çykyp gitdi. Mugallym Gülsenemi yzky partada oturtdy. Gyz ýerine geçip oturanda, näz bilen ýigitlere tarap seredende, Kerimiñ ýüreginde ýyldyrym çakana döndi. Gyzyñ goñurja gözleri, uzyndan gara saçlary näzik bedeni ýigidi otdan alyp suwa saldy. Kerim özünde bolup geçýän bu üýtgeşiklige düşünip bilmedi :"Allajan, bu söýgimikä? Ýoklaý, bir seredeniñ bilen aşyk bolunýarmy? Söýgi barmaý, ertekile -ol gije çagalara aýdyp berilýän toslama" diýip, içini gepledip, öz-özüni köşeşdirmäge durdy. Ýöne, onuñ ýüregi eýýäm bagtdan ýaña telwas urup durdy. Kerim Gülsenemi söýenini boýnuna almajak bolup, gyz bilen urşardy, sögüşerdi. Elbetde, oña jan ýaly dosty Atajan kömek ederdi. Gülsenem hem ondan kem galmazdy. Synpdaşlarynyñ arasynda olar it bilen pişikdiler. Bir gezek Kerim Gülsenemiñ ähli okuw esbaplaryny gizläp goýdy. Gülsenem gözläp- gözläp tapyp bilmedi, mugallym näçe gygyryp oglanlary gyssap dursada, käýese hem oglanlar syr bermediler. Diñe üç gün geçensoñ, gaýtaryp berdiler. Gyzam olardan garagol bolarly, oturýan oturgyçlaryna hek çaldy. Edil bilşi ýaly, oglanlar sapaga gijä galyp geldiler we otyrgyçlara üns bermän otyrdylar. Arakesmä wagt bolanda, hemmeleriñ üstünlerinden gülýänlerine düşünmedik oglanlar haýran galyp durdylar. Birden Kerimiñ gözi jakgyldap gülüp duran Gülseneme düşdi. Düşündi. Atajan gygyryp, sögünip, gaharlanyp el ýuwalga tarap ýöneldi. Kerim weli, çalaja ýylgyrýardy, Gülseneme aşyk bolup ugrunda köýýänini boýununa aldy. Bu hakda dostuna aýdanda:

-Gowy pikir, şo gyzdan diñe şeýdip aramyzy alarys. Näzijek ýürejigini ýaralarys- diýip, Atajan begençli ýylgyrdy. Kerimiñ gahary gelse-de:-Ýok how, näme diýip dursuñ. Men oña çynym bilen aşyk, ilki görenimden bäri söýýän. Nädip, söz aýtmaly? Şoña kömek et, asyl ynanarmyka meñ söýgüme?!

- A how, dost ýere düş))) Uçduña. Söýýän bolsañ, hat ýaz! Hatyñy eltip, gyzy yrmak meñ bilen- diýip, Atajan güldi. Onuñ bilen Kerimem güldi. Kerimiñ söýgi hatyny ýazmagy göni üç aýa çekdi. Asyl, tomusky dynç alyş rugsadyny iki dost hat ýazma bilen geçirdi. Ine-de, 1-nji sentýabr güni, ilkinji jañ. Oglanlar Gülsenemi gözleýärdiler. Ana, dur. Joralaryndan saýlanyp. Baýramçylyga begenipjik. Indi haty nädip bermeli?! Bu meselede ýigitlere iş boldy: sumkasyna saljak bolanda, mugallym tutdy. Şondan soñ Gülsenem arakesmede sumkasyny klasda goýup gitmedi. Okaýan kitabynyñ içine salanda, beýleki synpda okaýan bir gyz jorasy haýyş edip alyp gitdi. Oglanlar şol gyzy garawulap, Atajan gyzy güýmedi, Kerim haty aldy. Ýanyna baryp, bereli diýse, hemişe ýany joraly. Mekdepden soñam şeýle. Öýüniñ töwereginde garawul duran wagtlary, şol ýeriñ oglanlary bilen urşup, gözlerini gögerdip mekdebe geldiler. Atajan iki elini galdyryp, utulany boýnuna aldy:

- Dost, gowsy ýanyna baryp özüñ aýdaýsana. Üstünlik saña, men bir şeýle aşyk bolup söýmeli bir etmein. Söýgi menden, aýlanyp geçsin.

Kerime indi gyzyñ ýanyna baryp aýtmak galdy. Ýanyna barsa-da, bolgusyz zatlary samyrdap gaýdardy.

Dowamy bar.

26
188
kamil
10 Awgust 2023
@2525, salam
2525
10 Awgust 2023
@kamil, salam
kamil
10 Awgust 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.