Bolan waka.
Yewropa yurtlarynyň birinde Marks atly lukman we ylymlar doktyry düýäde iň güyçli lukmanlaryň biri bolup hatda käbir kesellerin bejerilişini ondan başgasy hiçkim bilmändir.Marks Hudaýa ynanmayan (ateist)adam bolup özüniñ lukmançylykda gazanan abraýyny, ýeten üstünlüklerini öz zähmeti, bilimi bilen gazandym diyip hasaplapdyr we hudaya ynanmajakdygyny aýdypdyr. Bir gün Marska dünye derejisindäki lukmanlaryň dabara gowşurulyşyna gatnaşmak ücin teklip gelipdir. Ol yerde Marksa in gowy lukman ady berilmeldi. (Marks bu derejäni almak üçin ömri dowamynda hereket edipdir). We Marks şol yere barmak üçin samalýoda münýär, nähilidir bir sebäplere görä samalýot gonmaly yerine däl-de, başga bir yurduň kiçiräk aireportyna gonýar. Marks baramaly ýere barmak üçin tokaýyn içi bilen maşynly gitmeli bolýar. Ýöne şonda hem yetişmeyär, howa ýagyşlydy, baryp yetişmejekdigini habar etmek üçin tokaýyn içindäki öyiň gapysyny kakýar, öý eyesi bolan ayaldan telefon edip almagy sorayar. Ol ayal Marksa şeýle diyýär: telfonym ýok ýone ýagys dynýança öye girmegi teklip edýar. Marks öye girýar Agşam Namaz wagty bolýar. Ayal men namazymy okajak siz hem bu otagda namazyñyzy okap bilersiňiz diýýär. Marks men Hudaya ynanmayan men özüme ynanýan diyýär we Marks aýaldan Hudaý sizin dilegleriňizi kabul etjekdigine ynanýaňyzmy,diýip soraýar? Ayal hem şonda şeyle diydi: "Howa! meniñ bir çagam bar, öran agyr keselli, ony diñe Marks diyen lukman bejerip bilyar eken, yöne meniň ol lukmana bermäge pulym yok. Men Alladan şol Marks diyen lukman bilen görüşdirmegi dileýärin diýip jogap beryär".