gullnara_
10.08.2023 12:06
Hakyky söýginiň sabry...

3 oglan we 3 gyz deňiz boýuna dynç almaga barýardylar. Olar bir birlerini gowy görýäni daşyndanam bildirip durdy. Olaryň göwnüne hemme bagtly ýalydy. Awtobusda uly goh şowhun bilen gidip barýardylar. Ýöne awtobusda 30 ýaşly bir adam bardy. Oňa olaryň gykylygy ýakmaýandygy ýüzünden bildirip durdy. Olar her gezek gülüşenlerinde ýüregini tutup uludan dem alýardy. Gyzlaryň biri ol adamyň öz gykylyklarynyň ýokdurmaýanyny bilse-de şol adamyň ýanyna baryp adyny soraýar.  Soňra nirden gelýanini.
-Türmeden- diýende gyz birhili bolýar. Gyz:
- Siz türmeden çykyp öýüňize barýan bolsaňyz,name begeneňizokmy? Siz öýlenmedikmi? diýýär. Adam:
-Bilemok.
Gyz haýran galyp:
-O nähili bileňizok?
Adam:
-Men gowy görýän gyzyma öýlenenime 1 hepde geçip geçmänkä nähak ýere tussag edildim, soňra tussaghanada gelnime hat ýazdym, sen maňa garaşsaň köp wagt oturmaly bolarsyň,haçan çykjagym belli däl,gowsy öz ýakyn tanaýan adamlaryň birine durmuşa çyk...
Awtobusdakylardan ses çykmady barynyň ünsi ýaňky adamdady. Gyz:
- Onnaň ol durmuşa çykypmy?
- Bilemok...diýip uludan dem aldy. Turmeden çykýaň diýip 1 hepde öň aýtdylar. Şonda hat ýazdym "Eger meni hali gowy görýan bolsaň iň soňky duralgada sary ýalykda garaşgyn,şonda häli meni gowy görýäniňe düşünerin, halamasaň onda hiç zat etme,düşmän dogry giderin....
Adamyň ony gowy görýändigi görnüp durdy. Hiç kimden ses çykanokdy awtobusdakylaryň bary hem şol soňky duralga howlugýardy. Ýöne şähere çenli ýol uzakdy.
Adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Awtobus şähere ýalynlaşdy. 1- nji duralga, 2-nji,3-nji... ahyrynda soňky duralgada ýetdi...adamlaryň gözi soňky duralgada duran ak ýüzli,uzyn boýly, owadan, sary ýalykly gelne gözi düşüp, -ana ana bar ekeni, serediň, serediň...diýýärdiler. Ýaňky adam ýerinden ýuwaşjadan galyp seretdi. Onuň gozünde  ýaş damjalary goründi...

Ποωςα Αλγεωα
40
254
rhgb
10 Awgust 2023
👍👍👍👍gaty gowy hekaya eken.
orazow96
10 Awgust 2023
Allajan onum gelenden sonum gelsin diyipdirler sony duzuw bolsun
bamy
10 Awgust 2023
👍👍👍
milasxka
10 Awgust 2023
Gaty gyzykly 🥲❤👍🏻
myrataly_
10 Awgust 2023
@guldesse, Gowy menem. Bolya hicle
myrataly_
10 Awgust 2023
Oykeletyanlen koplendir
myrataly_
10 Awgust 2023
@guldesse, Salam gowmy ŷagdaŷlaň. Arada da salam beripsin sonam men salam diyemde salamy almadyn
myrataly_
10 Awgust 2023
@guldesse, Sen bolsa salamy almadyn
king_tm
10 Awgust 2023
Az ýone gyzykly eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.